Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE DURMUŞ ZÄHMET GATNAŞYKLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ORNY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe durmuş zähmet gatnaşyklarynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň orny» atly maslahat geçirildi.

Maslahaty TKAMM-yň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Ballyýewa açyp, onda TKAMM-yň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölümiň hukuk gözegçisi Myrat Atabaýew, TKAMM-yň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölümiň hukuk gözegçisi Hydyr Gurbanow, Aşgabat Gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Meýlis Ataýew we TKAMM-yň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölümiň hukuk gözegçisi, ýuridiki ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi Myrat Haitow çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.