Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GAZÇYLARYŇ GYZYKLY BÄSLEŞIKLERI GEÇIRILDI

«Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň «Galkynyş» gaz känindäki işçiler şäherçesiniň göwnejaý enjamlaşdyrylan döwrebap sport desgasynda bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Golaýda müdirligiň hem-de onuň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda bu sport desgasynda «Galkynyş» gaz käniniň önümçilik edara-kärhanalarynyň türgenler toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça bäsleşik geçirildi.

Bir hepdeläp dowam eden bäsleşikde toparlar aýlaw' görnüşde ýaryşdy. Gyzykly geçen ýaryşda birinji orna «Galkynyş» gaz käniniň Tebigy gazy kükürtden arassalaýan birinji baş desgasynyň woleýbolçylary mynasyp boldy. Bäsleşikde müdirligiň 4-nji tehnologik ulaglar kärhanasynyň oýunçylary ikinji, Tebigy gazy kükürtden arassalaýan ikinji baş desgasynyň türgenleri üçünji orna mynasyp boldular.

Kiçi futbol boýunça toparlaryň arasynda geçirilen ýaryş hem gyzykly boldy. Ýaryşda Tebigy gazy kükürtden arassalaýan birinji baş desganyň topary iň köp utuk gazanyp, birinji, «Marygazçykaryş» müdirliginiň futbolçylary ikinji we «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň edarasynyň oýunçylary üçünji orunlary eýelediler.

Ýaryşlarda üstün çykan toparlara we has tapawutlanyp oýnan türgenlere müdirligiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Begmuhammet ATAÝEW,

«Marygazçykaryş» müdirliginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.