Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄN YKDYSADYÝET

Her bir ynsanyň durmuşynda bolşy ýaly, tutuş halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden özgerýän ýurdumyzyň, ösüş we özgertmeler bilen ynamly öňe barýan milli ykdysadyýetimiziň sanly, kämil ykdysadyýete öwrülmegi bolup durýar.

Bu gün milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi häzirki döwrüň talabyna laýyklykda pudaklaýyn işleri döwrebaplaşdyrmagyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny aňladýar. Islendik ýurduň galkynmagy ykdysadyýet ulgamynyň ösüşi bilen kesgitlenilýär. Şonda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýörelge bolup, ýokary tehnologiýalary düýpli we amatly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.

Sanly ykdysadyýet — munuň özi sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň peýdalanmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamydyr. Ol ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Şonda esasan zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikleri göz öňünde tutýar. Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda girdejileriň we täze çeşmeleriň ýüze çykmagyna şert döredýär. Sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary ählumumy bazarlara dessine çykarmak hem-de dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligini artdyrýar.

Harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk ulgamynda hödürlenmegi olaryň gymmatynyň adaty ykdysadyýetdäki-den pes bolmagyny şertlendirmek bilen, elýeterliligini ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli we köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamyň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgermegine tehnologiýalar bilen töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Şeýle ykdysadyýetiň jemgyýetimize ornaşdyrylmagy bilen bagly we ösdürilmegi esasy önümçilik — ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyny we merkezileşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlary almagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze, döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilik açýar.

Ykdysadyýet — örän çylşyrymly we hemme zady özüne alýan mehanizm hökmünde her bir adamyň durmuşyna gatnaşýar. Ol önümçiligi we sarp edişi şunuň bilen baglylykda kesgitlenen haryda ýa-da hyzmata bolan islegiň we teklibiň emele gelmegini özünde jemleýär. Ykdysadyýet halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen baglydyr. Hut şonuň üçin sanly tehnologiýalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy ynsanlaryň ýaşaýyş şertleriniň hiliniň gowulanmagyna oňyn täsir edýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi — täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlarynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalarynyň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ikinjisi bolsa, önümçiligi sanly ýörelgä eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan amatly şertleriň döredilmegidir. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin esasan üç ugruň ýerine ýetirilmegi zerur bolup durýar:

-üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk),

-elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlaryň üsti bilen dolandyrmak),

-elektron söwda (harytlaryň we hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegi).

Maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny-internet we olaryň elýetrliligini, kanunçylyk binýadyny we döwletiň elektron hyzmatdaşlygyna taýýarlyk derejesini sanly ykdysadyýetiň bölegi hökmünde görkezmek bolar. Sanly ykdysadyýet önümçilikde we hyzmat ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere az wagtyň içinde uýgunlaşmaga ýokary çeýeligi üpjün etmäge kömek edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamlaryň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasyny düzýär.

 

Bibigül AMANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.