Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝARLYK MUKAMY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala ojaklaryna goýulýan hormat-sarpa belent derejelere göterilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgalanyň jemgyýetdäki orny aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gahryman Prezidentimiz her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär. Maşgala abadançylygynyň, agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň gözbaşy ene we çaga barada döwlet tarapyndan edilýän çäksiz aladalaryň netijesidir. Berkarar döwletimizde maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy durmuş goldawy bilen bir hatarda, hukuk goraglylygynyň ulgamlaýyn toplumyny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksi bu babatdaky hukuklaryň we kadalaryň kanuny esaslarynyň biridir.

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirilen «Rowaçly Watanyň bagtyýar maşgalalaryndan alkyş Size, Arkadag!» ady bilen geçirilen dabara hem ýurdumyzda maşgalalar hakynda çäksiz aladalaryň edilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli guralan bu çärede haly önümleriniň, milli gymmatlyklaryň sergisi hem görkezildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan bu duşuşyga paýtagtymyzda ýaşaýan bagtyýar maşgalalaryň birnäçesi, mährem eneler, bilim ojaklarynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Saz-söhbetli duşuşykda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan maşgala mukaddesligine goýulýan hormat-sarpanyň belent derejelere göterilendigi, ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilendigi, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň gözbaşynda il-günümiziň bagtyýarlygynyň, agzybirliginiň durandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň edildi.

Duşuşykda çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan maşgala däplerini ösdürmek, maşgala ojaklarynda ýaş nesle berilýän terbiýäni kämilleşdirmek, çagalarda päk zähmete, eziz Watana söýgi döretmek, ene-mamalarymyzdan miras galan el hünärlerini öwretmek barada hem aýratyn durlup geçildi.

Bu dabarada aýdylan tükeniksiz arzuwlar bagtyýar maşgalalaryň Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlary, egsilmez buýsançlary bolup ýaňlandy. Duşuşygyň ahyrynda bagtyýar maşgalalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Gözel BAÝNEPESOWA,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň medeni-usulyýet bölüminiň hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.