Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ÝAŞ­LA­RY TER­BI­ÝE­LE­MEK­DE RUHY MIRASYMYZYŇ ÄHMIÝETI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar, il ýaşululary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaşlaryň arasynda ruhy mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatdaky çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hakydasynda müdimilik orun alan milli mirasymyzyň egsilmez ruhy güýji, ýedi yklymda hoşniýetlilik we dostluk baýdagyny parladan ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmakda edilýän uly tagallalar dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda «Ylmy ösdürmek, milli mirasymyzy şöhratlandyrmak we wagyz etmek jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, beýleki guramalaryň we ähli ideologiýa ulgamynyň işiniň möhüm ugruna öwrülmelidir» diýen ajaýyp sargytlaryndan ugur alyp, şeýle-de müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimize, şöhratly geçmişimize, tanymal şahsyýetlerimize aýratyn belent sarpa goýulýan häzirki döwrümizde ýaşlarymyzy şol ýörelgeler esasynda terbiýeläp ýetişdirmek dogrusyndaky söhbetler maslahatyň özenini düzdi.

Turuwbaşdan täsirli geçen maslahat oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary galdyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.