Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR NESILLER

Göwün gözelliklerini belentliklere göterýän tomus pasly hemmelere dynç alşyň hözirli günlerini bagyşlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalaryna bu günler goşa paý düşýär, çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan çagalaryň iň arzyly islegleriniň, arzuwlarynyň hasyl boýan ýurdydyr.

Gökdere jülgesi, Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz paýhasy, ýürek sahawaty bilen, hözirli dynç alşyň arzyly mekanyna öwrülýär. Dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde tebigy täsinliklere beslenip oturan bu mekanda gurlan döwrebap sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde bagtyýar çagalaryň müňlerçesi saglygyny taplap, her bir gününi hoşlukda geçirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça bilim edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yzygiderlilikde täsirli çäreleriň guralmagy köpleriň tomusky dynç alşynyň has-da gyzykly, saglyga peýdaly, ýatda galyjy hemem ýakymly bolmagyna ýardam edýär.

Dag gözelliklerine beslenip, durnagöz çeşmeleri teşne kalplary joşdurýan Gökdere öz gujagyny şadyýan çagalara giňden açýar. Janly tebigata gyzykly gezelençler, jana şypaly pursatlary bagyşlaýan akwapark güýmenjeleri, täsirli sport çäreleri, gyzykly bäsleşikler bu ýerde dynç alýanlarda hemişe begenç duýgularyny döredýär. Ýylyň-ýylyna bu ýerde ýerleşýän çagalar sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Milli merkeziniň , Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň bilelikde guramaklarynda Gökderedäki ähli merkezleriň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän Ýangyn-amaly sporty boýunça Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi hem şeýle çäreleriň biridir. Bu bäsleşikde, esasan, Gökdere jülgesiniň çäginde ýerleşýän sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ýaş türgen toparlary öz aralarynda güýç synanyşýarlar.

Şeýle bäsleşikleriň biri 12-nji iýulda «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde guraldy. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdylyp, bäsleşige gatnaşýanlara üstünlik arzuw edildi. Ýagşy arzuwlardan soň, bäsleşige badalga berildi.

Bäs­le­şik 5 tapgyrdan ybarat bolup, oňa gatnaşanlar özleriniň ýokary ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde özleriniň has ýokary taýýarlyklaryny, ezberliklerini, çakganlyklaryny görkezendikleri hem-de öňdäki orunlary eýeländikleri üçin çagalar sagaldyş, dynç alyş merkezleriniň ýygyndy toparlary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň göçme kubogydyr diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Ýetginjekleriň arasynda şular ýaly ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly çäreleriň geçirilip durulmagy uly ähmiýete eýedir. Çünki bu çäreler ýetginjeklerde aň-düşünje, zehin başarnyklaryny, tälim taýýarlyklaryny ýüze çykarmakda, beden, ruhy taýdan sagdynlygyny berkitmekde, dostluga, edermenlige höweslendirmekde özüniň terbiýeleýji netijelerini berýär.

Çärä gatnaşanlar bäsleşigiň ýetginjekleriň aňlarynda müdimilik galjakdygyny bellediler we özleri barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Dörtguly MYRATGULYÝEW,

žurnalist.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.