Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

"SAGLYGYM - BAŞ BAÝLYGYM" ATLY WAGYZ-NESIHAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen şäher birleşmesiniň we Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk gullugynyň Tejen şäher etrap bölüminiň hem-de Tejen şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen şäher Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezinde baş lukmanlaryň we şepagat uýalaryň gatnaşmaklarynda «Sagly­gym — baş baý­ly­gym» di­ýen at bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda alnyp barylýan nusgalyk işler dogrusynda durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine we nesil terbiýesine zyýan edýän ýaramaz endikleriň we serişdeleriň garşysyna göreşmegiň, bu ugurda nogsanlyklaryň ýüze çykmazlygyny gazanmagyň zerurdygy bellendi.

Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Gülbahar ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen şäher birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.