Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Nesihat edildi

Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň döreden milli däp-dessurlarynyň, edep-terbiýe mekdebiniň özeninde halkymyza mahsus, ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti uly bolan gymmatlyklar jemlenýär. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, maşgala mukaddesligine uly sarpa goýup, bu asylly ýörelgeleri ýaş nesilleriň aňyna, kalbyna düýpli ornaşdyrmak boýunça birnäçe işleri amala aşyrýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda, wagyz-nesihat çäresi boldy.

«Ha­lal maş­ga­la — aba­dan döwlet» atly çäre Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirildi.

Maslahatyň dowamynda dürli nogsanlyklaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndan düýpli aýrylandygy barada anyk deliller getirilip, çykyşlar edildi. Şeýle-de berkarar döwleti, abadan zamanany halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.