Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, saglygy goraýyş ulgamy ýokary ösüşlere ýetdi. Ýurdumyzyň iň häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň giň toplumynyň döremegi, dünýä ylmynyň we tehnologiýalarynyň iň täze gazananlary, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen derman senagatynyň döremegi hem-de onuň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ýokary hilli dermanlary öndürmegi, saglygy goraýyş ulgamyndaky beýleki köp sanly buýsandyryjy täzelikler döwletimiziň raýatlarymyz barada aladasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir. Ýurdumyzda derman senagatyny ösdürmek saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrýar.

Derman serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürýän, şol sanda ýurdumyzda bar bolan çig maldan öndürilýän dermanlary çykarýan kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy we täze kärhanalaryň gurlup üstüniň ýetirilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň önümçilik kuwwatyny innowasion esasda artdyrmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz özüniň çykyşynda: «Türkmenistanyň derde derman otlaryndan, ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän fabriklerimiziň, kärhanalarymyzyň önümleri bu topragyň ynsana eçilen tenekär nygmatydyr» diýip belledi. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän edaralary ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, hatda alyslardaky obalarda hem guruldy we gurulmagy dowam edýär. Munuň özi gönüden-göni saglygy goraýyşda ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik döredýär. Türkmen topragynyň müň bir derde derman otlaryndan, ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän «Türkmendermansenagat» birleşigi döredildi. Birleşigiň düzümine «Saglyk» we «Tenekär» derman kärhanalary, «Türkmenderman Ajanta Farma Limited» türkmen-hindi bilelikdäki kärhanasy hem-de «Buýan» agrosenagat toplumy girýär. Şeýle-de «Berzeňňi» mineral suw öndürýän kärhanany, Abadan etrabynda zyýansyzlandyryş erginlerini öndürýän zawody, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda Ýod önümçilik, Jebel şäherçesinde Bejeriji palçyklary we deňiz duzuny gaplaýan hem-de Daşoguzda arassa sargy serişdelerini öndürýän kärhanalary açyp, halkymyza ulanmaga berildi. Türkmenistanyň derman senagatynyň önümçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, geljegi uly kärhanalary täze sepgitlere çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol wezipeleriň hatarynda ýokary hilli derman we kömekçi serişdeleriň hem-de beýleki lukmançylyk maksatly kömekçi önümleriň täze görnüşlerini çykarmaga hem-de saglygy goraýyş edaralarynda ulanmaga giň mümkinçilikler döredýär. Bu kärhanalaryň ählisi hem dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilýän iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleri ýurdumyzyň derman senagaty üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň çäginde dünýäde uly isleg bildirilýän ýod we ýod önümleriniň (ýodbromly suwlaryň) ummasyz iri ýataklary bar. Türkmenistanda ýod gorlarynyň 50 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy jem­lenendir. Şu esasda ýurdumyz bu ugurdan GDA agza döwletleriň arasynda birinji orny eýeleýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň lukmançylyk merkezleri, ylmy-barlag kliniki edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýod ýetmezçiligi sebäpli döreýän keselleri aradan aýyrmak üçin nahar duzlary ýodlaşdyrylýar.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BSGG-niň hem-de ýod ýetmezçiligi bilen bagly kesellere gözegçilik edýän halkara geňeşiň Guwänamasy ýod ýetmezçiligini aradan aýyrmak boýunça göreşde ýurdumyzda alnyp barylýan işlerde gazanylan üstünliklerimiziň resmi taýdan ykrar edilmegi ýurdumyza berlen ýokary bahadyr. Ýod senagatyň dürli pudaklarynda giňden ulanylýar. Ýurdumyzyň derman senagatynda uzak ýyl­lar­dan bä­ri ýo­duň 5 gö­te­rim­li spirt­li ergini öndürilýär. Halkymyzyň, saglygy goraýyş we bejeriş edaralarymyzyň ýod önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Bereket etrabynda ýod önümçilik kärhanasy işe girizildi. Bereket etrabyndaky ýod önümçilik kärhanasynda ýodly taýajyklar, ýodly galam, diş tampony öndürilýär. Bu önümler saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynda hem-de öý şertlerinde ulanmak üçin öran oňaýlydyr. Adam durmuşynda bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyň we galamlaryň zerur bolýan ýagdaýy sanardan köpdür. Saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynda dürli hirurgiýa ýaralary arassalamak, dürli biomateriallary synag üçin almak, barlag geçirmek üçin ulanylsa, öý şertlerinde dürli şikeslenmeleri, ýaralary arassalamak we özbaşdak ideg etmek üçin giňden ulanylýar. Bir gezek ulanylýan ýod ergini bilen işlenen galam birnäçe wezipäni ýerine ýetirýär. Saglygy bejeriş edaralarynyň hirurgiýa we beýleki bölümleriň işgärleri üçin kesel bejeriş kadalarynyň howpsuzlygyny saklaýar, barlaghananyň işgärlerini ýokançly materiallar bilen gönüden-göni iş salyşmak zerurlygyndan dyndyrýar. Ýodly diş tamponlary diş bejeriş edaralarynda giňden ulanylýar. Ýurdumyzda dürli derman otlary bilen bir hatarda palçyklar we deňiz duzlary uly orun tutýar. Jebel şäherçesindäki Bejeriji palçyklary we deňiz duzuny gaplaýan kärhana ekologik taýdan arassa terapewtiki we kosmetiki önümleriň, wulkan palçygynyň hem-de diňe ýurdumyzda däl, eýsem dünýä belli Mollagara şypahanasynyň palçygynyň gaplanan görnüşleri öndürilýär.

Palçygyň düzüminde köp sanly gymmatly mikroelementler bar. Bularyň bejeriji häsiýetleri şypahanalarda we kosmetologiýada, şeýle hem lukmançylykda deri, ýürek-damar, aşgazan, içege kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Şol sebäpli ynsan saglygy üçin öran peýdaly bolan bejeriş palçygynyň we deňiz duzunyň sowuklama we deri keselleriniň öňüni almakda hem-de olary bejermekde, bedende gan aýlanyşygyny kadalaşdyrmakda ulanmaga mümkinçilik berýär. Keselleriň öňüni alýan we gigiýeniki hem-de SPA önüminiň bejeriş häsiýetleri we ulanylýan ugurlary boýunça daşary ýurtly önümleriň birnäçesinden düzüm taýdan baýdygyny we peýdalydygyny bellemek diýseň buýsandyrýar. Dürli reňkli, hoşboý ysly, dürli ölçegde gaplanylan palçyklary we duzlary öý şertlerinde hem ulanmak bolýar. Önümleriň düzümine dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan garyndynyň goşulmagy önümiň peýdalylygyny ýokarlandyrýar. Öý şertlerinde özüňe gerek bolan düzümdäki otlary saýlap, ýapgy, wanna görnüşinde ulanmak maslahat berilýär. Özbaşdak ulanmazdan öň, maşgala lukmanyndan maslahat almagy hem unutmaly däldir.

Daşoguzda gurlup ulanylmaga berlen arassa sargy serişdelerini öndürýän kärhanada şikesleri bejermek, hirurgiýa amallaryny geçirmek we näsaglara ideg etmek üçin niýetlenen serişdeleriň arasynda dürli ölçegdäki hasalar, gipslenen we çeýe hasalar, goşara, tirsege we arka daňmak üçin fiksatorlar, dyzlyklar, leýkoplastyrlar, inneksion plastyrlar, bir gezeklik hasalar bar. Häzirki döwürde bejeriş we sagaldyş edaralarynda bu kärhanada öndürilýän önümleriň ähli görnüşleri giňden ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmekde derman serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça ylmy barlaglary çuňlaşdyrmak, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmasewtika boýunça bilim berýän, hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlaýan we gaýtadan taýýarlaýan ulgamy kämilleşdirmek barada möhüm wezipeleri öňe sürýär. Häzirki döwürde ilaty ýerli çig maldan taýýarlanan ýokary hilli dermanlyk we goşmaça serişdeler bilen has dolulygyna üpjün etmek üçin önümçiligiň kuwwatlylygy artdyrylýar. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler ýerli çig mallardan taýýarlanýandygy sebäpli ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Asyrlar boýy synagdan geçen, köpsanly nesilleriň tejribesi arkaly subut edilen ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümlere häzirki döwürde ýurdumyzda has uly ynam bildirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň ähli edaralarynda öz döwletimizde öndürilýän önümleri ulanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi, Wa­ta­nymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolmagy ugrunda tagalla edýän, halkymyzyň saglygy barada aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwren, halkymyzyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleri üçin mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 21-nji iýulda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, saglygy goraýyş işgärlerini we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

 

Abadan BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.