Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň ýolbaşçy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň her bir güni be­ýik ösüş­le­re, ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär. Mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pä­him-paý­ha ­ syn­dan ke­mal tapan bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň kä­mil sy­ýa­sy ýol-ýö­relge­si­niň mil­li we ru­hy gymmatlyk­laryn­dan ugur alyp, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň gel­jek­ki ösüş­le­ri­niň mö­hüm ugurlary­ny kes­git­le­mek­de, şol esas­da yk­dy­sa­dy, me­de­ni we beý­le­ki ulgam­lar­da üstün­lik­li ama­la aşy­rylýan öz­gert­me­le­riň mak­sa­da­la­ýyk dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de aýgyt­ly we yg­ty­bar­ly orun eýe­le­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ýa­kyn­da Dar­ga­na­ta et­ra­by­nyň Me­de­ni­ýet öýün­de Türk­me­nis­tanyň Kär­deş­ler arkala­şyk­la­ry­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry­nyň baş­lyk­lary­nyň, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş işgär­le­ri­niň we beý­le­ki eda­ra gura­ma­la­ry­nyň iş­gär­ler bö­lü­mi­niň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da, «Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met Ko­deksi­niň ta­lap­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi» di­ýen at bi­len okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Okuw mas­la­ha­tyn­da kär­ha­nala­ryň önüm­çi­lik yk­dy­sa­dy iş­le­ri, iş­gär­le­riň zäh­me­ti­ni go­ra­mak, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, iş­gär­le­riň iş bi­len üp­jün­çili­gi, olaryň hü­nä­ri­niň ýo­kar­lan­dyryl­ma­gy dog­ru­syn­da çy­kyş edil­di. Şeý­le-de Türkmenista­nyň Zäh­met ko­dek­si­niň ta­lap­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi ba­ra­da so­wal-jo­gap al­şyl­dy.

Okuw mas­la­ha­ty­na gat­na­şan­lar öz­le­ri üçin zäh­met çek­mä­ge, dynç al­ma­ga, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şama­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na çäk­siz al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

 

Nazar BABAMURADOW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Darganata etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.