Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Ök­de­ler öňe saý­lan­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Merke­zi Ge­ňe­şi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Kärdeş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň çe­per el­li, zäh­met­sö­ýer ze­nan­la­ry­nyň ara­syn­da gu­ra­ýan «Gü­lüň owa­dan» at­ly bäs­le­şi­gi­niň Saparmyrat Türk­men­ba­şy et­rap tap­gy­ry bolup geç­di. On­da türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my mil­li sun­ga­ty bo­lan ke­çä­niň, ha­ly­nyň taý­ýarla­nyş usu­ly bo­ýun­ça çe­per el­li ze­nan­lar öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zip, et­ra­byň bi­rin­ji­li­gi­ni al­mak ug­run­da bäs­leş­di­ler.

Bäs­le­şi­giň et­rap tap­gy­ry­na ze­nan­lar to­par­lary­nyň en­çe­me­si gat­na­şyp, hal­ky­my­zyň ha­ly we ke­çe sun­ga­ty ba­ra­da öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler.

Bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da mil­li gymmat­lyk­la­ry­myz bo­lan ha­ly­nyň we ke­çä­niň taýýarla­ny­şy, bu­la­ryň sun­gat de­re­je­si­ne ýet­me­gin­dä­ki in­çe syr­la­ry giň be­ýa­ny­ny tapdy. Gy­zyk­ly ge­çen bäs­le­şik­de bi­rin­ji or­ny 2-nji ça­ga­lar ba­gy­nyň terbi­ýe­çi­si Sülgün We­ýi­so­wa­nyň, ikin­ji or­ny 28-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my Baý­ram­gül Agajy­kowa­nyň, üçün­ji or­ny 4-nji ça­ga­lar ba­gy­nyň ter­bi­ýeçi­si Dür­na­bat Nazarowanyň to­par­la­ry eýe­le­diler. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne Türk­me­nis­ta­nyň Kärdeşler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Saparmyrat Türkmen­ba­şy et­rap bir­leş­me­si­niň Hor­mat hat­la­ry, ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Şeý­le hem olar bäs­le­şi­giň we­la­ýat tapgy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar.

 

Şöhrat SÖÝÜNGYLYJOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.