Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR GELJEGIŇ ALADASY

Ge­çen hep­dä­niň an­na gü­ni Kaka et­ra­by­nyň Me­de­ni­ýet öýün­de wa­gyz-ne­si­hat maslaha­ty ge­çi­ril­di. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­synyň çäk­le­rin­de enä­niň we çaganyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek, şeý­le-de ni­ka bozmala­ry­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len wa­gyz-ne­si­hat masla­ha­ty Türkme­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň meýil­na­ma­sy esa­syn­da, Türk­me­nis­tanyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat we Ka­ka et­rap bö­lüm­le­ri, Ka­ka etrap hä­kim­li­gi, et­ra­byň beý­le­ki jemgy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry, hu­kuk go­raýjy eda­ra­la­ry bi­len bir­lik­de gu­ral­dy. Oňa eda­ra-kär­ha­na­lar­da, gu­ra­malar­da, oba ho­ja­lyk iş­le­rin­de zähmet çek­ýän ze­nan­lar, öý bi­ke­le­ri hemde mäh­rem ene­ler gat­naş­dy.

Mas­la­ha­ty Ka­ka et­ra­by­nyň hä­kimi­niň orun­ba­sa­ry Al­tyn­je­mal Sa­pardur­dy­ýe­wa açyp, onuň gün ter­ti­bi bi­len ta­nyş­dyr­dy hem-de äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gür­rüň et­di. Et­rap hä­ki­miniň orun­ba­sa­ry­nyň aý­dy­şy ýa­ly, türk­men hal­ky, şol san­da ze­nan­lary­myz eşret­li dö­wür­de ýa­şa­ýar. Bu gün ze­nan­lar döw­let ta­ra­pyn­dan uly ala­da bi­len gurşalan­dyr. Aýal-gyz­laryň bi­lim al­ma­gy, zäh­met çek­me­gi, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne go­şant goşma­gy ug­run­da giň amat­lyk­lar dö­redi­len­dir. Bu zat­la­ryň ga­dyr-gym­matyna go­wy dü­şü­nip, mil­li­li­ge sar­pa goý­mak we Wa­ta­ny­my­za, döw­rü­mize gu­wa­nyp ýaşamak bag­ty­ýar­lykdan ny­şan­dyr.

Mas­la­hat­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty Gur­ban­gül Baýra­mo­wa­nyň çy­ky­şy tä­sir­li we ün­si çe­ki­ji bol­dy. Ol ene süý­di bi­len iýmit­len­dir­me­gi wa­gyz et­mek­de, ýod ýet­mez­çi­li­gin­den üs­tün çyk­mak­da, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny gora­mak­da, körpä­niň ir­ki ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de ýur­du­my­zyň ýe­ten de­re­je­si we ga­za­nan üstünlik­le­ri ba­ra­da gürrüň edip, «Ene süý­di bi­len iý­mit­lendir­me­gi wa­gyz et­mek we gol­da­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nunyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di, şeý­le-de eneli­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bi­len bag­ly ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ha­kyn­da aýt­dy. Onuň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da enä­niň we ça­ganyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak boýun­ça örän köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ça­ga dog­lan wag­tyndan kö­mek pul­la­ry be­ril­ýär, ene­lere ça­ga­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin döw­let ta­ra­pyn­dan köp­san­ly ýe­ňillik­ler be­ril­ýär. Bu zat­la­ryň gady­ry­ny bil­me­li we ýaş ne­sil­le­ri watansöýüji­lik, ha­lal­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­li.

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler arka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hyz­mat ul­ga­my­nyň kär­deş­ler arka­la­şy­gy bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şigi­niň ag­za­sy Ar­zy­gül Dur­dy­ýe­wanyň, Ka­ka et­ra­byn­dan mäh­rem ene Ma­ýa­gö­zel Nuryýewa­nyň çy­kyş­la­ry maş­ga­la mu­kad­des­li­gi, ge­lin-gyz­laryň jem­gy­ýet­dä­ki or­ny dog­ru­syn­da bol­dy. Olar maş­ga­la ter­bi­ýe­sin­de ga­dym­dan gel­ýän ýol-ýö­rel­ge­ler, gelin-gyz­la­ry be­ze­ýän hä­si­ýet­ler, ene-ma­ma­la­ry­my­zyň sun­gat de­reje­si­ne ýe­ti­ren el hü­nä­ri, şeý­le-de ne­sil ter­bi­ýe­si ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin durup geç­di­ler.

Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da Ka­ka etrap ka­zy­ýe­ti­niň ka­zy­sy Ka­ka­my­rat Taň­ry­gu­ly­ýew, etrap po­li­si­ýa bö­lümi­niň sül­çüsi Ýe­ňiş Aba­ýew, we­laýat po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň wekili Maksat Ça­ry­ýew da­gy öz çy­kyş­la­ryn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan, halkymy­zyň aba­dan, bo­le­lin, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na, ra­ýat­la­ryň ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­niň, hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­jede go­ral­ma­gy­na we üpjün edil­megi­ne, ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş derejesiniň ýo­kar­lan­ma­gy­na gönükdi­ri­len giň göw­rüm­li iş­le­riň äh­mi­ýeti ha­kyn­da bel­läp, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne howp sal­ýan en­dik­ler­den, ylaý­ta-da, ne­şe­keş­lik ýa­ly pis pi­şeler­den, er­bet nogsanlyklar­dan daşda dur­mak, ni­ka boz­ma­la­ry­nyň öňüni al­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly gür­rü­ňe ün­si çek­di­ler.

Mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler ol ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ça­ga­ny ene süý­di bilen iýmitlendirmek, maş­ga­la bin­ýady­ny ber­kit­mek, ni­ka boz­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýara­maz en­dik­ler­den daş­da dur­mak bo­ýun­ça gym­mat­ly öwüt-ün­dew­le­ri, maslahatlary ber­diler, şeý­le-de hal­ky­my­zyň has-da eşret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ugrun­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ady­na al­kyş söz­leri­ni aýt­dy­lar. Şeý­le hä­si­ýet­li mas­lahat et­rap­da­ky «Ser­dar» pa­myk eg­riji fab­ri­gin­de hem ge­çi­ril­di.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.