Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DEPUTATLARYŇ RAÝATLAR BILEN DUŞUŞYGY

Ýa­kyn­da Gök­de­pe et­raby­nyň Ba­ba­rap oba­syn­da­ky ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­laýyş sport mek­dep-in­ter­na­tynda Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ahal we­la­ýa­ty bo­ýun­ça saýla­nan de­pu­tat­la­ry­nyň ra­ýat­lar bi­len du­şu­şy­gy bol­dy. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ra­ýat­laryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ni wa­gyz-ne­si­hat et­mek, Ahal we­la­ýa­ty­ny 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­megiň Mak­sat­na­ma­syn­da göz öňü­ne tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri ila­ta düşündirmek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şy­ga et­ra­byň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň, gurama­la­ry­nyň iş­gär­le­ri we ýer­li ýa­şaý­jy­lar gat­naş­dy.

Du­şu­şy­gy Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň başlygy, Mej­li­siň de­pu­ta­ty Baý­ramsol­tan My­ra­do­wa aç­dy hemde çy­kyş et­di. Ol çyky­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýurdu­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­landyr­mak, ýaşlar üçin tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuwwatlyklaryny art­dyr­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry ba­ra­da­ky gür­rü­ňe ün­si çek­di. Onuň bel­leý­şi ýaly, bu gün ýur­du­my­zyň beý­leki se­bit­le­ri bi­len bir­lik­de, Ahal welaýa­ty hem bar­ha öz­gerýär. We­la­ýa­ty­my­zyň çä­gin­de tä­ze, döw­re­bap oba­dyr şäher­çe­ler, şeý­le-de iri önümçi­lik des­ga­la­ry gu­rul­ýar. Häzir­ki wagt­da welaýatymyzyň çä­gin­de döw­re­bap oba­la­ryň dör­dü­si­niň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de we­la­ýa­ty­my­zyň mer­ke­zi şähe­ri­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, bu et­ra­byň Owa­dan­de­pe geňeşliginiň çä­gin­de dün­ýä­de deňi-ta­ýy bol­ma­dyk iri se­na­gat top­lu­my­nyň — te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wo­dyň daba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Bu zat­laryň göz­ba­şyn­da hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň ra­ýat­la­ryň eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, olar üçin ýokary amat­lyk­ly iş şertle­ri­dir orun­la­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky ala­da­sy du­ran­dyr.

Du­şu­şyk­da Türk­me­nista­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry Şat­lyk Işa­no­wyň, Ke­rim­guly Gel­di­ýe­wiň çy­kyş­la­ry hem dyk­gat­ly diň­len­di. Olar Ahal we­la­ýa­ty­ny 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­satna­ma­sy­ny üs­tün­lik­li durmu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gür­rü­ňe ün­si çek­mek bi­len, we­la­ýa­tyň ykdysa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ry­nyň kö­pu­gur­ly­ly­gyny ga­zan­mak­da, in­no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li ösü­şe gö­nük­dir­mekde, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýetirmekde bu Mak­sat­na­manyň bi­möç­ber äh­mi­ýe­ti­ni belle­di­ler. Çy­kyş­lar­da Berkarar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döwrün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň hemme­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­na, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dilme­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň möçber­li iş­le­r ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin durlup ge­çil­di hem-de öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de her bir ra­ýa­tyň my­na­syp go­şandy­nyň bol­ma­ly­dy­gy ba­ra­da aý­dyl­dy.

Gök­de­pe et­rap hä­kim­li­gi bilen jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­mala­rynyň bi­le­lik­de gu­ra­n bu wagyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­na gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­tany­my­zyň il-gü­nüň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­ly­ga bes­len­me­gi­ni arzuw et­di­ler.

 

Döwrangeldi HOJAMGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.