Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Galla bolçulygy – azyk bolçulygy

Etrabymyzda suw, ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaýyň galla oragyna guramaçylykly girişilensoň, gysga möhletde guşgursak bugdaýlar ýygnaldy, kabul ediş nokatlaryna tarap awtoulaglarda ugradyldy. Bu kabul ediş nokadyna ýygnalan bugdaýlar dag gerişlerini ýada salýar. Daýhanlarymyz döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirdiler.

Tagtabazar etraby 8000 gektardan 19600 tonnanyň ýerine 19617 tonnadan hem artdyryp, bugdaý hasylyny almagyň hötdesinden geldi. Kombaýnlar, ýük daşaýjy awtoulaglar gije-gündiz bökdençsiz işledildi. Şeýle bolansoň, döwlet öňündäki borçnamalar doly ýerine ýetirildi. Etrabyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azat Nurmämmedow 2 gektardan 8 tonna 400 kilogram, «Sandykgaçy» miweçilik daýhan birleşiginden Gurtgeldi Meredow 8 gektardan 39 tonna 500 kilogram, «Saryýazy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Agaberdi Aşşyýew 8 gektardan 40 tonna 120 kilogram, Baýramgeldi Rozyýew 1,5 gektardan 7 tonna 100 kilogram hasyl almagy başardylar.

Ýokary öndürijilikli işlän kombaýnçylardan Azat Berdiýew, Jumamyrat Amanow, Allaberdi Gurbanow, awtoulag sürüjilerden Orazmyrat Akmyradow, Amangeldi Çaryýew dagylar bu üstünlige özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Galla bolçulygy — azyk bolçulygy. Gallaçylarymyz galla bolçulygynyň rysgallylykdan nyşandygyna gowy düşünip, yhlasly zähmetiň rehnetini görýärler. Harmanyňyza bereket, merdana gallaçylar!

 

Gülälek SAPARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.