Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ NUSGALYK ESERLERI - ROWAÇLYGA BADALGA” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri - rowaçlyga badalga” atly maslahat geçirildi.

Maslahaty TKAMM-yň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Ballyýewa açyp, onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Japarow Meýlis, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Amanmyradow Kakabaý,  Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň hünärmeni Gurbanowa Jahan,  Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň agzasy Bekowa Nurjemal,  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Jumaýewa Bilbil we “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň guramasynyň başlygy Täçmyradow Kerim çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.