Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HAZARYŇ MELHEM SUWY

Awazanyň kenarynyň ep-esli ýeri ýalpak bolup, suwa düşmek üçin howpsuz suw giňişligi döredilen. Munuň sebäbi türkmen kenarynyň çöl bilen baglanyşykly bolmagydyr. Ürgün çägäniň güne ýanmak, dynç almak üçin amatlydygyny bellemek gerek. Hut şonuň üçinem, kenary daglyk bolan beýleki Hazarýaka döwletlerine garanyňda, Awazada saglygyňy dikeltmek üçin tebigy amatlyklar köp.

Hazar deňziniň müň derdiň dermany hasaplanýan şypaly suwunyň ähmiýetini aýratyn belläp geçmek zerurdyr. Deňziň melewşe çägeli kenary, minerallar bilen baýlaşdyrylan suwy, jana şypa berýän bejeriş palçykly tebigy gurşawy dynç almak we birnäçe keselleriň öňüni almak üçin tapylgysyz serişdelerdir. Deňiz suwunyň ýokarky gatlagyna düşýän Gün şöhlesi, esasan hem, ultramelewşe şöhlesi adam bedeninde bolup geçýän madda çalşygynyň güýçlenmegine we bedeniň ýokanç kesellere garşy goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmaga gowy täsir edýär.

Deňiz suwunyň düzümindäki duzlaryň we mikroelementleriň arasynda ýod we fosfor aýratyn orunda durýar. Ýod deňiz ösümlikleriniň düzüminde emele gelýän mikroelementdir. Ösümlik näçe köp boldugyça, suwuň düzümindäki ýoduň mukdary şonça-da köp bolýar. Adam bedenine deňiz suwy, şeýle-de çygly howa arkaly dem alyş ýollarynyň üsti bilen siňýän ýod köp keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Defiiz howasynda kislorodyň we ozonyň mukdarynyň hemişe ýokary bolýanlygy sebäpli, ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna, dokumalardaky maddalaryň alyş-çalşygynyň  ýokarlanmagyna getirýär.

Deňizde suwa düşülende, tolkunlaryň güýjünden döreýän beden gyjynmasy ýokary bolup, ol adam saglygyna tebigy täsir edýär. Deňiz suwunda ergin duzlaryň ençemesi, ýod hemde beýleki maddalar toplanyp, deriniň gyjynmasyny himiki häsiýete eýe edýär. Ýürek-damar ulgamynyň, dem alyş agzalarynyň dowamly kesellerini bejermekde, galkan görnüşli mäziň ýod ýetmezçiliginde döreýän keselleriň öňüni almakda we bejermekde ýoduň täsiri we peýdasy örän uludyr. Deňizde suwa düşmeklige we Gün wannasyny kabul etmeklige ir sagat 6:00-dan 10:00-a çenli, öýlän sagat 18:00-dan garaňky gatlyşýança maslahat berilýär. Kähalatlarda deňiz suwuna düşmegiň tertip-düzgüni bozulan ýagdaýynda gün urma duçar bolunýar. Bu bolsa adam saglygy üçin zyýanlydyr. Deňiz suwunyň täsiri ýaly, deňiz kenaryndaky tolkun atyp duran mele gyzgyn çägäniň hem adam bedenine täsiri uly. Kenar ýakasyndaky gyzgyn çägäniň üstünde aýakýalaňaç ýöremek we çägä gömülmek (çäge wannasy) köp keselleriň öňüni almaga kömek edýär. Gyzgyn çäge adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar we bedeniň ýokanç kesele garşy güýjüni ýokarlandyrýar. Deňziň kenarynda gyzgyn çägäniň üstünde gezelenç etmegiň özi-de adamyň saglygyny berkitmegiň bire-bir emidir.

Çägä gömülmek, ýagny çäge wannasy gadym döwürlerden bäri köp kesellerde ulanylyp gelnipdir. Çäge wannasy kabul edilende, ýüregiň töweregi we garyn açyk galdyrylýar. Eller we aýaklar has çuň gömülýär. Kelläňe kölege bolar ýaly, saýawan goýmaly ýa-da ak reňkli başgap geýmeli. Gyzgyn mahmal ýaly ürgün çägäniň ýakymly täsirinden 2530 minut lezzet almak bolýar. Çäge wannasy kabul edilenden soňra sowuk suwa düşmek, Güne ýanmak maslahat berilmeýär. Çäge wannasy gyzgyn çägä gömülip ýatmak bilen, adamyň daýanç-hereket ediş agzalarynda bolan näsazlyklary (newralgiýalary, artritleri, artrozlary) bejermek maksady bilen ulanylýar. Ol günaşa kabul edilip, birnäçe sapar gaýtalansa, gowy netije berýär. Çäge wannasy ýürek-damar, ýokanç we çiş kesellerinde, gan basyşynyň ýokarlanmasynda maslahat berilmeýär. Ony kabul etmek islän her bir adam, şu bejergä başlamazdan öň lukman bilen maslahatlaşmagy unutmaly däldir.

 

Abadan BERDIÝEWA,

TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri,

Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.