Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ROWAÇLY WATANYŇ BAGTYÝAR MAŞGALALARYNDAN ALKYŞ SIZE ARKADAG!” ATLY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Bagtly durmuşymyzy wagyz etmek maksady bilen şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde gurnamagynda “Rowaçly Watanyň bagtyýar maşgalalaryndan alkyş size Arkadag” atly duşuşyk geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan parasatly syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biriniň adam hakyndaky aladadygyny biz gündelik durmuşymyzda, her bir ädimimizde görýäris. Çünki ýaşamak, döretmek, zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçilikler “Döwlet adam üçindir” diýen taglymatyň halk hakyndaky aladanyň döwlet syýasatyna öwrülendigini subut etdi. Bu beýik ösüşleriň maşgalalaryň bagtly bolmagyna niýetlenendigini biziň her birimiz ýaşaýyş durmuşymyzda görýäris.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar maşgalalaryň agzalarynyň arasynda geçirilen “Rowaçly Watanyň bagtyýar maşgalalaryndan alkyş Size Arkadag!” atly duşuşygyň maksady asyrlaryň dowamynda kemally nesilleri ösdürip ýetişdirmekde dünýä tanalan türkmen halkynyň Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda maşgala mukaddesligine goýulýan sarpa ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny açyp görkezmekden, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň miras goýan däp-dessurlaryna, eziz diýarymyzyň şu günki ösüşlerine çuňňur söýgi döretmekden, il-günümize, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepalylygy berkitmekden ybaratdyr.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalarynyň netijesinde maşgala mukaddesligini gorap saklamak, sagdyn jemgyýetde sagdyn maşgalany terbiýeläp ýetişdirmek, milli-ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa, ýetilen beýik sepgitlerde maşgalanyň tutýan orny, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlara laýyklykda maşgalanyň ody bilen girip, küli bilen çykýan, gaýyn enesiniň görüm-göreldesine eýerip, geljekde gaýyn enesiniň ornuny tutup biljek gelinler, gaýyn-gelin gatnaşyklary, maşgalada çaga terbiýesi barada buýsançly gürrüňler edildi.

 

 

Gadymdan gelýändir däbim -dessurym

Ata-babalaryň ýoly-ýörelge.

Her bir işde, ýaşaýyşda, durmuşda

Arkadagyň özi bize görelde.

 

Duşuşyga Aşgabat şäheriniň döwletli bagtyýar maşgalalary höwes bilen gatnaşdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.