Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WASPYŇ BEÝAN ETSEM JOŞÝAR ÝÜREGIM

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrülendigi buýsançly hakykatdyr. Merdana halkymyzyň söýgüli şäheri, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan ak şäherimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik Binagäri, hormatly Prezidentimiziň ýürek mähriniň, söýgüsiniň, yhlas-aladasynyň netijesinde belent ösüşlere eýe boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz binagärlik, şähergurluşyk, abadanlaşdyryş, arassaçylyk, ýaşaýyş-durmuş infrastrukturasy babatynda görlüpeşidilmedik derejede özgerdi, ösdi, döwrebaplaşdy. Häzirki wagtda keşbi görkana Aşgabady görmäge göz gerek. Ak mermerli Aşgabadyň özüniň we birnäçe täsin desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan buýsançly wakalar boldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözel paýtagtymyzda 2017-nji ýylyň güýzünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi Aşgabady sebitiň we dünýäniň abraýly sport paýtagtlarynyň derejesine eýe etdi. Çünki ak mermerli Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherçesi ýaly häzirki zaman sport desgalary we toplumlary, döwrebap köpugurly sport infrastrukturasy iň ösen häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär we islendik derejedäki halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmeklige giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär.

Gözel Diýarymyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk Gahryman Arkadagymyzyň beýik watansöýüjiliginiň hem-de ak şäherimize bolan buýsanç-sarpasynyň ajaýyp dabaralanmasydyr.

Häzirki zaman türkmen edebiýatynda, aýdym-saz we şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, halyçylyk sungatynda Aşgabadyň köpöwüşginli çeper keşbi döredilip, şeýle ajaýyp eserleriň sany ýylsaýyn artýar. Gözel paýtagtymyza bagyşlanan sungat eserlerine çuňňur watansöýüjilik, milli döwletliligimize, milliligimize, eziz Diýarymyzyň ösüşlerine, Aşgabadyň günsaýyn, sagatsaýyn gözelleşýän görkana keşbine bolan buýsanç, mähir, inçe, nepis duýgulylyk mahsusdyr.

Ata Watanymyzyň ýüregi, ady dillerde dessan bolan, şanyna sansyz aýdym-mukam, goşgy-gazal ýazylan ajaýyp paýtagtymyz Aşgabadyň edebiýatdaky we sungatdaky waspnamasy öz gözbaşyny şöhratly gadymyýetden alyp gaýdýar. Geçen asyrda döredilen, sözleri, sazy we aýdymçynyň ýokary kämillik derejesi netijesinde «Aşgabat hakynda aýdym» dünýä ýaň saldy we halkymyzyň köňlüniň töründen mynasyp orun alyp, uly meşhurlyga eýe boldy. Zehinli şahyr Geldi Bäşiýewiň aýdyma öwrülen ajaýyp şygrynda paýtagtymyzyň waspy belentden ýetirilýär: Waspyň beýan etsem joşar ýüregim,

Türkmeniň paýtagty sensiň geregim,

Ileriň Köpetdag, gaýraň Garagum,

Garagumda guba-gazlaryň bardyr.

Paýtagtymyz dünýäniň Afiny, Seul, San-Fransisko ýaly ajaýyp şäherleri bilen bir derejedäki geografiki giňişlikde ýerleşip, özboluşly mylaýym howa şertlerine eýedir. Aşgabadyň gyşyna başy ak garly, baharda ýaşyl begres atynan, tomusda täsin reňklere beslenen Köpetdag gerşiniň we ynsan zähmeti bilen döredilen arçalyklara bürenen baýyrlyklaryň eteginde ýerleşmegi gaýtalanmajak tebigy gözelligi emele getirip, şäheriň görküni has-da artdyrýar. Bu ajaýyplyk şahyrana ýüreklere ylham paýlaýar.

Garaşsyzlygyň şanly, ýeňişli ýyllarynda dörän ajaýyp şygyrlarda Aşgabadyň günsaýyn gözelleşýän, görklenýän nurana keşbi tylla we pöwrize çaýylan gümmezli kaşaň köşgi-eýwanlary, ak mermere beslenen binalary, müň dürli elwan gülleridir ýaşyl baglara beslenen seýilgähleri, aýna ýaly şaýollary, owadan köprüleri, gözel suw çüwdürimleri, müň dürli yşyklarydyr çyralary özüniň şahyrana beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasyndan gözellige beslenen Aşgabadyň şygyrlardaky waspnamasyny näçe dowam etdirseň-de az. Çünki diňe bir şahyrlaryň däl, eýsem, her bir türkmenistanlynyň ýüreginde ýaşaýan söýgi gözel paýtagtymyzyň şanyna ýazylýan şygyrlaryňdyr aýdymlaryň soňlanmajak ylham çeşmesidir.

Sagatsaýyn gözelleşýän, görklenýän, giňeýän Aşgabadyň dünýä içre at-owazasy-da günsaýyn artýar. Türkmeniň paýtagtyna gelip görenler oňa müdimi aşyk bolýarlar, ýene-de onuň gözel keşbini görmek arzuwyny ýüreklerinde besleýärler. Parahatlyk merkezi bolan Aşgabat myhmanlar we dost-doganlar üçin döwletli gapysyny, nurana kalbyny, mährem gujagyny, bereketli saçagyny giňden açýar.

Goý, ak mermerli gözel Aşgabadyň görküne görk, şanyna şan goşýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Arslan TÖREKULOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap wela­ýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.