Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DAG JÜLGESINDÄKI ŞADYÝANLYK

Salkyn saýaly Gökdere jülgesindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde saglygyny berkidýän çagalaryň her bir güni gyzykly we şadyýanlykda geçýär. Munuň şeýle bolmagynda bu ýerde yzygiderli geçirilýän medeni-dynç alyş çäreleriniň, döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we beýleki göwün açmalaryň ähmiýeti örän uludyr.

 

ÖŇŇIN dag jülgesindäki «Nebitçi» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz bagtyýar nesiller» ady bilen geçirilen medeni, sport-sagaldyş çäresi hem aýratyn täsirliligi bilen ýatda galdy. Türkmenistanyň nebitgaz senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat, Ak bugdaý, Bäherden hem-de Gökdepe etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda geçirilen çäre ýaş nesil üçin özboluşly baýramçylyga öwrüldi.

Medeni, sport-sagaldyş çäresiniň açylyş dabarasy aýdym-sazly çykyşlara ulaşdy.

Çagalar döredijilik toparlarynyň kalplara joş-ylham beren millilige ýugrulan aýdymdyr sazlary, tanslary ol ýere ýygnananlaryň dowamly el çarpmalary bilen garşylandy. Asuda Watanymyzyň, erkana durmuşymyzyň, bagtly çagalygyň waspy bolup, uzaklara ýaň salan sungat çykyşlaryndan soňra, sport ýaryşlaryna, surat we döredijilik bäsleşiklerine badalga berildi. Olaryň dowamynda dag jülgesindäki «Nebitçi», «Çeşme», «Şöhle», «Nesil», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinden gelen çagalar öz aralarynda bäsleşdiler.

Futbol we woleýbol ýaryşlarynyň janköýerleri has köp boldy. Merkeziň ýaşyl meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan futbol ýaryşy çekeleşikliligi bilen aýratyn uly gyzyklanma döretdi. «Nebitçi» we «Çeşme» toparlarynyň arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyk iki taraplaýyn hüjümlere baý boldy hemde futbol ýaryşynyň ýeňijisini kesgitledi. Onda «Nebitçi» toраrу üstün çykdy.

Woleýbol ýaryşynda çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň dördüsinden gelen toparlar özara ýaryşdy. Onuň netijesinde «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkeziniň topary ýeňiji boldy. Uly gyzyklanma eýe bolan küşt, şaşka ýaryşlary sportuň bu görnüşleri boýunça ýaş ussatlaryň az däldigini aýan etdi. Küştde oglanlaryň arasynda «Nebitçi» topary, gyzlaryň arasynda «Şöhle» topary, şaşkada oglanlaryň arasyn­da «Çeşme» topary, gyzlaryň arasynda «Nebitçi» topary umumy hasapda öňe saýlandylar.

Şekillendiriş sungaty boýunça geçirilen ýaryşda çagalaryň onlarçasy ukyp-başarnygyny görkezdi. Onuň netijesinde «Nebitçi» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkeziniň çagalary baýrakly orunlary eýeledi. Reňkli kagyzlardan şekil ýasamak boýunça geçirilen ýaryşda «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinden gelen ýaşlar ýeňiji boldy.

Sport ýaryşlarydyr döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Çagalara sowgatlaryň gowşurylyş dabarasyndan soňra, beýleki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinden gelen çagalar bu ýerdäki kitaphana, okalga zalyna, kompýuter otagyna hem-de dürli gurnaklara niýetlenen otaglara aýlanmaga mümkinçilik aldylar. Merkezdäki giň we amatly şertler çagalara ýakymly duýgulary peşgeş berdi.

 

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.