Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖSÜŞIŇ MILLI ÝOLY DABARALANÝAR

Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­möç­ber tagalla­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de bar­ha ro­waç­lan­ýan gadam­lar ýur­du­my­zyň äh­li künjeklerini gur­şap al­dy. Her gün di­ýen ýa­ly bo­lup geç­ýän şatlyk­ly wa­ka­lar, dabaraly çä­re­ler, hoş ha­bar­lar bi­ri-bi­ri bi­len ut­gaş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­timiz tarapyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan yk­dysa­dy stra­te­gi­ýa­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşyrylma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty yzy­gi­der­li art­ýar. Gahry­man Ar­kada­gy­my­zyň Ker­ki şä­he­rin­de döw­re­bap uçar men­zi­li­ni gur­mak hakyn­da gol çe­ken ta­ry­hy Ka­ra­ry hem we­la­ýa­tyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ba­şyny Gö­ge ýetirdi. Bu hoş ha­bar­dan köp wagt geç­män­kä mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň gol çeken ýe­ne bir Ka­ra­ry il­deş­le­ri­mi­ziň şat­ly­gyny go­şa­lan­dyr­dy. «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti­niň ýur­du­my­zy 2019―2025-nji ýyllar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdürme­giň Maksat­na­ma­syn­da» belle­ni­len we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de ra­ýat­la­ryň ýa­şaýyş ja­ýy­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­nagat­lan­dyr­mak, ilaty­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, şeý­le hem we­la­ýatda tä­ze, döw­re­bap şäher­le­ri gur­mak mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len bu Ka­rar «Döw­let adam üçin­dir!» diýen tag­ly­ma­tyň ha­ky­ky da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy. Oňa la­ýyk­lyk­da birba­da dört etrapda, ýag­ny, Çär­jew, Sa­ýat, Ha­laç we Ker­ki et­rapla­ryn­da je­mi 3500 maş­ga­la niýet­le­nilen tä­ze şä­her­çe­le­ri gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Hut ge­çen hep­de bolsa mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­rygy­na la­ýyk­lyk­da şol şä­her­çe­le­riň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga berildi. Şä­her­çe­ler­de ýa­şa­ýyş jaý­laryn­dan baş­ga hem or­ta mek­dep­ler, ça­ga­lar baglary, me­de­ni ojak­lar we söw­da mer­kez­leri, do­lan­dy­ryş, jem­gy­ýet­çi­lik hem-de dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar gur­lar. Ker­ki et­ra­byn­da­ky tä­ze şä­her­çä­niň meý­da­ny 115 gek­tar bo­lup, iki gat­ly 5 otag­ly jaý­la­ryň 140-sy gur­lar. Bir gat­ly 3 we 4 otag­ly jaýlaryň 360-sy ola­ryň üs­tü­ni ýe­ti­rer. Nesip bolsa, döw­re­bap şä­herçä­niň ýaş­la­ry 640 orun­lyk or­ta mek­de­biň, 320 orun­lyk ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ga­py­la­ry­ny uly buý­sanç bilen açar­lar. Bu­lar­dan baş­gada, çö­rek önüm­ler kär­ha­na­sy, hyz­mat­lar öýi, söw­da no­kat­la­ry­nyň en­çe­me­si şä­her­çä­niň bagt­ly ila­ty­na hyz­mat eder. Amyder­ýa jülgesindä­ki uly gur­luşyk­lar ildeşlerimiziň ýa­şaýyş-dur­muş­la­ry­na tä­ze eş­ret­le­ri getirýär. Ajaýyp iş­ler bag­ty­ýarlyk şug­la­sy bo­lup, adam­la­ryň kalpla­ry­na nur paýlaýar. Öz hal­ky üçin şeý­le uly ala­da­la­ry ed­ýän mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň jany sag, be­lent başy aman bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

 

My­rat Hu­daý­na­za­row,

Ker­ki et­rap has­sa­ha­na­sy­nyň kär­deş­ler arka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň başlygy, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.