Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«DÖW­LET KA­NUN­ÇY­LYGY ― RO­WAÇ­LYK ÝO­LY» AT­LY DA­BA­RA­LY MAS­LA­HAT GE­ÇI­RIL­DI

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Lebap we­laýat bir­leş­me­si­niň, we­la­ýat baş ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mü­dir­li­gi­niň, we­la­ýat po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň, we­la­ýat kazyýe­ti­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Döw­let ka­nun­çy­lygy ― ro­waç­lyk ýo­ly» at­ly da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.

We­la­ýat baş ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mü­dir­li­gi­niň mej­lis­ler za­lyn­da gu­ra­lan çä­rä­niň do­wa­myn­da edi­len çy­kyş­lar­da ýurdu­my­zyň ösüş­le­ri­niň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­di­li­şi, olar­da ra­ýat­la­ryň bäh­bit­le­ri­niň göz öňün­de tu­tu­ly­şy, ýaş maş­ga­la­la­ry golda­mak ug­run­da döw­let ta­ra­pyn­dan edil­ýän ala­da­lar, ola­ryň ka­nun­çy­lyk­da öz beýa­ny­ny ta­py­şy ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň et­di­ler. Döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­ly­gy­nyň ýaş ne­sil­le­riň röw­şen gelje­gi­ni, maş­ga­la ojak­la­ry­nyň ag­zy­bir­li­gi­ni üp­jün et­mä­ge gönükdi­ri­len­di­gi­ni bel­le­di­ler. Mas­la­hat­da adam ha­kyn­da­ky ala­da­la­ra ýug­ru­lan kanun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ila­tyň ara­syn­da dü­şün­dir­megiň me­se­le­le­ri­ne hem se­ret­di­ler.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.