Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ATA WATAN ROWAÇLYK ÝOLUNDA

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň altynjy aýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna ajaýyp sahypalary ýazyp, iri jemgyýetçilik-syýasy wakalaryna beslendi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.

1-nji iýunda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçildi. Bu senä gabatlanylyp ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli çäreler guraldy.

2-nji iýunda Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýat merkezlerindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde nobatdaky dynç alyş möwsümi badalga aldy.

3-nji iýunda Türkmenistanda ikinji gezek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi. Şol gün milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabat şäherinde bolan welosipedli ýörişde täze dünýä rekordynyň goýlandygyny habar berdi we degişli güwänamany gowşurdy.

4-nji iýunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Oraza baýramy bellenilip geçildi. Şu mynasybetli Arkadag Prezidentimiz Gypjak obasyna bardy we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady hem-de öz serişdeleriniň — ýazan kitaplaryndan alan galam haklarynyň hasabyna toý sadakasyny berdi.

5-nji iýunda Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçildi. Şu waka mynasybetli «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Onda sebitiň durnukly ösüşiniň möhüm meseleleri, hususan-da, söwda, ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, energetika, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda bilelikdäki işiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

5-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Şol gün Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa oraga 12-nji iýunda goşuldylar.

6-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy. Mejlisde, hususan-da, ösüş depgininiň senagat pudagynda 4 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,1 göterim, söwdada 11,8 göterim, oba hojalygynda 3,5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 8 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Gurluşyk pudagynda hem oňyn netijeler üpjün edildi.

Umuman, ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 7,53 milliard manada we çykdajy bölegi 7,49 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 9,5 göterim ýokarlandy.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.