Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ SARPALANÝAR

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Medeni miras — maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän Gözellik älemidir» diýip, medeni mirasymyza ýokary baha berýär. Gahryman Arkadagymyz bu gymmatlyklarymyzyň kämilleşmegine, dünýä ýaýylmagyna we nesillere miras galmagyna aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, dünýä halklary bilen medeni hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, dünýä halklary bilen jebisleşýän medeni gatnaşyklar ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrýar. Şatlyk-şowhuna beslenýän dabaralarda milli medeniýetimiziň baýlygy, gadymy däp-dessurlarymyzyň terbiýeçilik ähmiýeti aýdyň ýüze çykýar.

Go­laý­da Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň Je­ma­gat ho­ja­ly­gy müdirliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň we Aşgabat şäher häkimliginiň Jema­gat ho­ja­ly­gy mü­dir­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da, «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna ýazyjyşahyrlar, medeniýet we sungat ussatlary, Aşgabat şäher häkimliginiň Je­ma­gat hojaly­gy mü­dir­li­gi­ne de­giş­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamy barada buýsançly gürrüňler edildi. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Medeniýet günleriniň we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülendigi esasy üns merkezinde boldy. Bu asylly ýörelgäniň halklary bir-birine ýakynlaşdyrmagyň we gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň nusgalyk ýoluna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda okalan goşgular, ýaňlanan aýdym-saz­lar da­ba­ra­nyň şowhuny­ny art­dyr­dy. Joş­gun­ly aýdym-sazlarda halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, mähriban Watanymyzyň özgerişleri, ilimiziň asudalygy, milli medeniýetimiziň ösüşleri giň beýanyny tapdy.

Dabara gatnaşanlaryň milli gymmatlyklarymyza sarpasy belent Arkadag Prezidentimiziň adyna aýdýan alkyşlarynyň yzy üzülmedi. Olar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

Arzygül DURDYÝEWA,

Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.