Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERI BÄSLEŞDILER

Her bir işiň özeninde adam hakyndaky aladany goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygy netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlary ösýär, özgerýär. Döwletiň iň gymmatly baýlygy adam we onuň saglygydyr. Şol sebäpli halkyň saglygyny goramak, uzak ýaşamagyny gazanmak ugrunda döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler açylýar.

Ýurdumyzda gurulýan iri sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri muňa aýdyň mysaldyr. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty has-da ösdürmek üçin ýurdumyzda halkara sport bäsleşikleri giň gerim alýar. Gahryman Arkadagymyzyň sport, saglyk ulgamynda alyp barýan işleriniň çäksizdigini halkymyz öz ýaşaýyş durmuşynda görýärler. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zähmet çekýän ildeşlerimiziň öz kärlerinde ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi üçin dürli bäsleşikler geçirilip durulýar.

Ýakynda «2019-njy ýylyň iň göreldeli saglygy goraýyş işgäri» diýen at bilen Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň 11-nji Saglyk öýünde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guran bäsleşigine Aşgabat şäheriniň merkezi saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijesi boýunça Onkologiýa ylmy kliniki merkeziniň döş kapasa hirurgiýa bölüminiň ylmy işgäri Rowaç Durdylykow, Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş we derman senagaty müdirliginiň Aşgabat şäher 1-nji Saglyk öýüniň onkolog lukmany Ejegözel Hudaýberdyýewa öňe saýlandylar.

Bäsleşikleriň şertleri esasynda, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri özlerini çeper söz, goşgularyň üsti bilen tanyşdyryp, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň sport, saglyk ulgamlarynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler. Olar bäsleşigiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaplarynyň many-mazmuny barada gürrüň etdiler. Ýurdumyzda hereket edýän milli Maksatnamalara, Saglygy goraýyş ulgamyna degişli sowallara anyk jogap berdiler.

Ýeňijiler bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar we bäsleşigi guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň dowamynda türkmenistanlylaryň bagtly ýaşaýşy üçin ählitaraplaýyn mümkinçilikleri açyp berýän hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.