Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR ÇAGALYK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan bagtdan paýly çagalarymyz barada uly alada edilýär. Olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagy, döwrebap ylym-bilim almagy, milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Berkarar Watanymyzyň goýnunda şadyýan hem erkana ýaýnaýan çagalar okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen tomus paslynyň özlerine eçilen hezillikleriniň — deňiz tol­kun­la­ry bi­len ko­walaşyp oýnamagyň, dag gerişlerine çykmagyň, durnagöz çeşmeleriň başynda, salkyn saýaly jülgeleriň jümmüşinde dynç almagyň hözirini görýärler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly dowam edýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi tarapyndan bu möwsümiň dowamynda kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň çagalary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde we Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýeňillikli ýollanmalar esasynda dynç alýarlar we saglyklaryny berkidýärler.

Nirede çagalar bagtly ýaşaýan bolsa, haýsy ýurtda çagalaryň gülki sesleri eşidilýän bolsa, şol ýerde ösüş, parahatçylyk bardyr. Gözel Diýarymyzyň goýnunda nesilleri ylymly-bilimli, berk bedenli, ata Watanymyza mynasyp adamlar edip ýetişdirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Goý, nesilleriň arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

 

Jumagül HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.