Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖREDIJILIKDE ÝARYŞDYLAR

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Watany» ýylynyň her güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary hem hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işlerini ildeşlerimize ýetirmek maksady bilen, dürli çäreleri guraýarlar. Golaýda «Sungatyma sarpam bar» diýen at bilen guralan aýdym-sazly dabarada şatlykly wakalar giň beýanyny tapdy.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, hususy kärhanalarynda zähmet çekýän zähmetkeşleriň, harby gullukçylaryň, orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda, meýilnama laýyklykda goşgy, oýlanma bilen, şeýle-de şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlaryndan döredijilik bilen meşgullanýanlaryň arasynda guralan bäsleşikleriň jemi jemlendi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar şäher birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Aýdym-sazly dabara we bäsleşige gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!

 

Çaryýar HOJAMYRADOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar şäher birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.