Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ADAM ELI GYZYL GÜL

Türkmen gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan, gujur-gaý­ra­tyn­dan dö­rän el iş­le­ri­miz — aja­ýyp ha­ly­lar­dyr keçeler, keteni matalar, inçe keşdeler irki döwürlerden bäri sungat derejesine ýetirildi. Gelin-gyzlaryň çeken keşdesine, dokan halysyna, basan keçesine, gaýan gaýmasyna seredeniňde gözüň dokunýar. Inçe el işlerimiz, baý, milli mirasymyz, göz guwanjymyz bu günki gün dünýä meşhurdyr.

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda, «El hünäri il gezer» atly sergi we maslahat geçirildi. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebinde geçirilen bu çärä paýtagtymyzyň dürli mekdeplerinde zähmet dersinden bilim berýän zähmet mugallymlary gatnaşdylar.

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ýe­tip gel­ýän 2019 — 2020-nji okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk görmek, paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň zähmet mugallymlarynyň halkymyzyň medeni mirasyny, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy, el işlerimizi okuwçy gyzlara içgin öwretmek, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen okuw maslahaty gyzykly boldy.

Ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaş nesli terbiýelemekde, geljekki Watanymyzy ösdürjek nesilleriň giň gözýetimli, sagdyn ruhly we berk bedenli bolmagyny gazanmakda, okuwçy gyzlara milli sungatymyz bolan el işlerini içgin öwretmekde mugallymlaryň goşýan goşandy uludyr.

Maslahatda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň zähmet mugallymy, «Zenan kal­by» or­de­ni­niň eýe­si, 53 ýyl mu­gal­lym ­bolup işläp gelýän Oguljeren Suhanowa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebiniň zähmet mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy, 48 ýyl mugallymçylyk edip gelýän Maralgül Nepesowa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň zähmet mugallymy, bu kärde 33 ýyl bäri zähmet çekip gelýän Baýramgül Geldimyradowa, Aşgabat şä­he­ri­niň 50-nji or­ta mek­de­bi­niň zäh­met mugal­ly­my, 39 ýyl mugallymçylyk kärinde işläp gelýän Käkilik Baýhanowa dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Maslahatda çykyş edenler ene-mamalarymyzdan miras galan, sungat derejesine ýeten keşde çekmegiň, gaýma gaýamagyň inçe syrlaryny, matalaryň dürli görüşlerini tanamakdan başlap, olaryň tikiliş usullaryny, iňňe bilen işlenilende seresaplylyk düzgünlerini, arassaçylygy saklamagyň düzgünlerini düşündirdiler.

Soňra maslahata gatnaşanlar guralan sergi bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplar, paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy gyzlaryň çeper ellerinden çykan keşdeleriň nusgalary ýerleşdirilipdir.

El işlerinde özboluşly, hiç bir halkyňka meňzemeýän reňk öwüşginleriniň sazlaşygyndan emele gelen nagyşlaryň inçeligini, gözelligiň, gaýtalanmajak nusgalaryň sazlaşygyny görmek bolýar.

«El hünäri il gezer» atly çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar ajaýyp zamanany halkyna bagyş eden hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Jennetgül ORAZOWA,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.