Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BURAWLAÝJYLARYŇ IŞLERI ILERI

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde saldamly zähmet goşandyny goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň «gara altyn» we «mawy ýangyç» burawlaýjy toparlarynyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň bäş aýynda ýerine ýetiren giň gerimli işleri hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Diýarymyzyň dürli künjeklerindäki nebit-gazly känlerde ýerasty gatlaklardaky uglewodorod çig mallarynyň önümli gatlaklaryny gözläp tapmakda hem-de ýokary hilli özleşdirip, önümçilige bermekde işiň köp bölegi burawlaýjylaryň paýyna düşýär. Burawlaýjy toparlara ýolbaşçylyk edýän Tagangeldi Amanowyň Demirgazyk Goturdepe meýdançasyndaky 330-njy ulanyş guýusyndan taslama çuňlugy 5100 metr, şeýle hem Hajymämmet Nuryýew tarapyndan Uzynada meýdançasyndaky 17-nji barlag guýusyndan taslama çuňlugy 7000 metr bolan guýudan uly möçberde gaz-kondensat senagat akymy alnyp, önümçilige ulanyşa tabşyryldy. Bu gazanylan belent sepgit müdirligiň edermen burawlaýjylarynyň arasynda buýsanja beslenen goşa şatlyga öwrüldi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň senagat pudagynyň özeni bolup durýan ýangyç-energetika toplumyny ýokary depginler bilen ösdürmek, döwre bap, öňdebaryjy tehnologiýalardyr tilsimatlary, kuwwatly buraw desgalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly dürli meýdançalarda ýerleşýän nebit-gazly gorlaryň has çuň nebit gatlaklaryna aralaşmak işleri yzygiderli dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Hytaý döwletiniň önümi bolan buraw desgasynyň satyn alnyp berilmegi hem munuň aýdyň kepilidir. Bu buraw enjamlar toplumynda ähli durmuş şertleri bilen üpjün edilen wagon öýjagazlaryň bolmagy aýratyn bellärliklidir. Bu kuwwatly täze buraw enjamlary Uzynada we Altyguýy meýdançalarynda ornaşdyrylyp, nebit-gaz senagatynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak üçin olardan netijeli peýdalanylýar.

Müdirligiň zähmetsöýer burawlaýjylary nebit-gaz pudagyny ösdürmekde ýakyndan ýardam berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

 

Sapardurdy HAJYÝEW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nehitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň komitetiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.