Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

LUKMANLARYŇ BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda yglan eden «2019-njy ýylyň iň göreldeli saglygy goraýyş işgäri» atly bäsleşigi indi däp bolup gelşi ýaly, ýylyň-ýylyna geçirilýär.

Golaýda bu bäsleşigiň welaýat tapgyry «Daşoguz» şypahanasynyň giň mejlisler eýwanynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Bu bäsleşik lukman Arkadagymyzyň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň pajarlap ösmegine uly goşant goşýan saglygy goraýyş işgärleriniň raýatlaryň saglygyny goramakda hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, milliligiň ruhy özenini saglygy goraýyş edaralarynda çuňňur özleşdirmek, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmak, fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Bäsleşige Daşoguz şäherinden we etraplardan ýeňiji saýlanan lukmanlar gatnaşdy. Olar bäsleşigiň şertine görä, çeper sözüň we goşgularyň üsti bilen özüni tanyşdyrmak, üstümizdäki ýylda alym Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli işleri, gazanylýan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri wasp etmek hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik eserinden soraglara jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Örän gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda adalatly emin agzalary ýeňijileri aýan etdi.

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda «2019njy ýylyň iň göreldeli saglygy goraýyş işgäri» diýen baş baýraga Daşoguz şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Kuwwat Annaýew mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem Boldumsaz etrap hassahanasynyň fizioterapewt lukmany Maýa Rejepowa birinji, Görogly etrap hassahanasynyň maşgala lukmany Merdan Täjibaýew ikinji, Ruhubelent etrap hassahanasynyň akuşer-ginekolog lukmany Nurjemal Metiýewa üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Gözel SEÝIDOWA,

«Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.