Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALKYMYZ BAGTYÝAR ARKADAG BILEN!

Belent özgertmelere beslenýän bagtyýarlyk döwrümiziň her bir pursadyny gurşap alan taryhy wakalar, joşgunly dabaralar köňüllere hoşallyk, ýaşaýşa mertebe-şan berýär. Tutuşlygyna parasatly tutumlaryň maňzyna ýugrulan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň esasynda durmuş hakykatyna gowuşýan başlangyçlar bu gün halkyň ykbalyna öwrülişikli täsirini ýetirip, öňe tarap urýan okgunly gadamlaryna güýçli itergi berýär. Ol daş-töweregi gurşap alan durmuşyň ähli ugurlaryndaky ýetilýän belent sepgitleriň, gazanylýan üstünlikleriň mysallarynda-da has aýdyň görünýär. Bagtyýarlygyň şuglaly pursatlaryndan güýç alyp ýaşaýan, gurýan, döredýän ildeşlerimiziň köňüllerinde gaýnap joşýan hoşallyklar baýramçylyk dabaralarynda mese-mälim ýüze çykýar. Bu biziň welaýatymyzyň zähmetkeş halkynyň durmuşyna mahsuslygy bilen hem tapawutlanýar.

Milletimiziň Lideri — Gahrymanymyz, Howandarymyz, Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň doglan güni welaýatymyzda uludan toýlandy. Şatlyk-şowhun bilen geçirilen dabarany TDP-niň we TAP-niň welaýat we şäher komitetleri, TMÝG-niň welaýat we şäher geňeşleri, TKA-nyň welaýat birleşmesi bilelikde guradylar. Ýokary derejede guralan bu dabara “Ýürekleriň senasy Siz, Arkadag!” ady bilen geçirildi. Bu şygar dabaranyň geçişi bilen örän ajaýyp sazlaşyp, onuň gerimini giňeltdi. Toý lybasyna beslenen dabara gatnaşyjynyň her biriniň gözlerinde uçganaklaýan bagt nury, ýüzlerindäki şatlyk halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyò alamatyny görkezdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada welaýatymyzyň sungat ussatlary, çeper höwesjeňleri halkymyza eşretli döwrany, elýetmez bagtly günleri peşgeş beren mertebesi belent Prezidentimize bagyşlanan buýsançly goşgulary, şeýle goşgular bilen şirin owazyň ajaýyp sazlaşygynda dörän owadan aýdymlary, joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler. Arkadagymyza alkyş bolup ýaňlanan aýdymlary dabara gatnaşanlar ör turup gyzgyn garşyladylar. Bu bolsa agzybir halkymyzyň milli Liderimiziň töweregine berk jebisleşendiginiň mizemez nyşanydyr. Dabaranyň ahyrynda zähmetde tapawutlanan adamlara, medeniýet we sungat ussatlaryna dabarany guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Ýörite habarçylarymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.