Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Çäk­siz buý­sanja bes­lendi

Esenguly etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we etrap medeniýet bölüminiň bilen bilelikde guran dabarasyna medeniýet we sungat işgärleri, edara-kärhanalaryň wekilleri, etrabyň jemgyýetçi­lik guramalarynyň işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetiň, sungatyň ösmegi ugrunda uly işleriň edilýändigi, medeniýet we sungat işgärlerine uly sarpa goýulýandygy, türkmen medeniýetiniň ýeten belent sepgitleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Dabaranyň dowamynda mahmal owazly aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlary, şahyrlaryň okan goşgulary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Medeniýet ulgamynda tapawutlanyp zähmet çekýän işgärlere sowgatlar gowşuryldy.

 

Meretdurdy Kit­çi­mow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.