Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HALAL MAŞGALA - ABADAN DÖWLET” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde gurnamagynda “Halal maşgala - abadan döwlet” atly geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Enemjan Orazowa açyp, onda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, zähmet weterany Çaryguly Ataýew, Aşgabat şäherindäki 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Aýsona Allaberenowa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy Hajarbibi Handurdyýewa,  Aşgabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Annagözel Hangulyýewa,  Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň hukuk bölüminiň uly prokurory, 3-nji derejeli ýurist Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Oguljeren Şyhyýewa we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili Merdan Yagşyýew çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.