Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

“Ýylyň iň ökde ykdysatçysy” atly bäsleşigiň

D Ü Z G Ü N N A M A S Y

 

Bäsleşigiň maksady

 

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebap ösdürmek babatynda birnäçe  halkara ähmiýetli kuwwatly taslamalar amala aşyryldy. Şu döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, himiýa, agrosenagat toplumlarynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, ýeňil senagaty pudagynda hem-de syýahatçylykda tehnologiki taýdan döwrebap enjamlaşdyrylan kärhanalaryň, desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi. Bu gazanylan üstünlikler, ilkinji nobatda Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde innowasion esasda ýokary derejeli senagatlaşan ösüş ýagdaýynyň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlislerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli toplumlaryny, pudaklaryny hem-de  düzümlerini maksatnamalaýyn hem sanly ykdysadyýete daýanýan innowasiýalar esasynda durnukly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň ýokary bäsleşige ukyplylygyny gazanmaga gönükdirmelidigini yzygiderli nygtaýar. Üstümizdäki «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» şygarly hasabat ýylynda innowasion häsiýetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny we “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň” konsepsiýasyny ýokary hilli amala aşyrmakdan ybaratdyr.

 

Bäsleşigiň geçiş tertibi

 

Bäsleşige Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş – ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň” konsepsiýasy bilen bagly 2019-njy «Türkmenistan rowaçlygyň Watany» şygarly hasabat ýylynyň 1-nji ýanwaryndan bäri metbugat sahypalarynda çapa çykan ykdysady ugurly makalalar, habar beriş serişdelerinde ýaýlyma giden ykdysady gepleşikler, çykyşlar, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen bagly täze ýazylan ykdysady taýdan esaslandyrylan teklipler, taslamalar kabul edilýär.

Bäsleşik «Watan» gazetinde çap edilen gününden başlap, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli dowam edýär.

 

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri

 

Bäsleşige Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliklerinde hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde şeýle hem Bank ulgamynda we olaryň düzüm birliklerinde maliýe, ykdysady ugurda zähmet çekýän, ýokary ykdysady bilimli, umumy halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ykdysady dolandyryş ugrunda 10 ýyldan az bolmadyk iş döwürli, dürli ýaşdaky işgärler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini “Ýylyň iň ökde ykdysatçysy” bäsleşigine  diýen ýazgyly hat bilen çapa berlen makalasynyň nusgasyny, ýaýlyma giden gepleşigini, çykyşyny elektron göterijide, tekliplerini we taslamalaryny ýazmaça, elektron göterijide, ýanynda suratly, telefon belgisi görkezilen şahsy maglumatyny, zähmet depderçesiniň, ýokary ykdysady bilimi baradaky şahadatnamasynyň nusgalaryny goşmak bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezine ýollamalydyrlar.

 

Bäsleşigiň ýeňijisini yglan etmegiň we ony sylaglamagyň tertibi

 

Bäsleşik tassyklanan emin agzalary tarapyndan gözden geçirilen işleriň ykdysady bähbidi, hili we derejesi boýunça 2019-njy “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” şygarly hasabat ýylynyň ahyrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy baýramynyň öňüsyrasynda jemlener. Bäsleşigiň jemi boýunça 1 sany ýeňijä ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler jaýynda geçiriljek baýramçylyk maslahatyň dowamynda Hormat haty we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň sowgady dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.