Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BERKARAR DÖWLETIMIZ ROWAÇLYK ÝOLUNDA” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Biziň baş maksatlarymyzyň biri merdana halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerine, medeniýetine ruhy güýjine daýanyp, dünýäde Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen “Berkarar döwletimiz rowaçlyk ýolunda” atly maslahat geçirildi.

Maslahaty TKAMM-yň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy Jennet Ballyýewa açyp, onda “Türkmenawtoýollary” agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Kerim Täçmyradow, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Biznes reklama” gazetiniň jogapkär kätibiniň orunbasary, Geňeşiň orunbasary Gurban Rejepow, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Maksat Annamyradow we Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň 4-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulbibi Hojatowa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.