Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE TÜRKMENISTANYŇ ZÄHMET KANUNÇYLYGYNYŇ DÖWREBAP KÄMILLEŞMEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygynyň döwrebap kämilleşmegi” atly maslahat geçirildi.

Maslahaty TKAMM-yň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri Aziz Hudaýgulyýew açyp, onda TKAMM-yň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş tehniki gözegçisi Kakabaý Ataýew, TKAMM-yň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi Mährijemal Hojaýewa, “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Amanjahan Goçyýewa  we TKAMM-yň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş hukuk gözegçisi, ýuridiki ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi Myrat Haitow çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.