Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞ PÄLWANLAR

Golaýda Türkmenistanyň Taekwondo (ITF) federasiýasynyň welaýat bölümi boýunça Mary welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda uly ýaryş geçirildi. Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli guralan bu ýaryş diýseň gyzykly geçdi. Oňa geljegine uly umyt bildirilýän ýaş, ezber pälwanlaryň uly topary gatnaşdy. Olar taekwondonyň dürli emelleri boýunça özara güýç synanyşdylar.

Gyzykly tutluşyklarda ezber taekwondoçy Rahym Rahmanow öňe saýlandy. Ol ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, öz agramy boýunça birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşda Dawut Şamyradow ikinji, Ahmet Kazimow üçünji orunlary eýelediler.

Ýokarda ady agzalan ýaş pälwan Rahym Rahmanowy tejribeli tälimçi, gara guşagyň 4-nji danynyň eýesi, taekwondo (ITF) boýunça welaýatyň baş tälimçisi Maksat Babaýew taýýarlady. Maksat Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen «Olimpiýa» ätiýaçlyk sport mekdebiniň hem tälimçisidir.

Ýaş taekwondoçylaryň arasynda Arslan Pirgulyýew hem tapawutlandy. Ol öz çykyş edýän agramy boýunça birinji ýeri aldy. Pälwanlar Merdan Babaýew, Didar Amangeldiýew bolsa ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Uly agramda çykyş eden taekwondoçylar hem gowy netijeler gazandylar. Olardan Amanberdi Agajanow öz agramynda birinji orny eýeledi. Eziz Orazlyýew ikinji, Rahat Gurbangeldiýew üçünji orunlary aldylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, TDP-niň Mary şäher komiteti, TMÝG-niň şäher geňeşi hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

M. AŞYROW,

“Maru-şahu jahan” gazeti.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.