Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“EL HÜNÄRI - IL GEZER” ATLY USULY OKUW GEÇIRILDI

Şu gün Aşgabat şäheriniň 77-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda 2019-njy “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýyly mynasybetli ýetip gelýän 2019-2020-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmek, şeýle hem paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň zähmet mugallymlarynyň türkmen halkynyň medeni mirasyny, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy, el işlerini okuwçy gyzlara öwretmekde, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen “El hünäri-il gezer” atly usuly okuw geçirildi.

Mekdebiň foýesinde mekdep okuwçylarynyň zähmet sapagynda ýerine ýetiren el işleriniň “El hünäri-il gezer” atly sergisi guraldy.

Usuly okuwy Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň orta bilim we terbiýeçilik işi bölümiň başlygy, Zenanlar guramasynyň başlygy Akbegi Çaryýewa açyp, onda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy, “Zenan kalby” ordeniniň eýesi, kümüş saçly ene Oguljeren Suhanowa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň zähmet mugallymy Ýazjemal Esenowa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Oguljahan Ataýewa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Maýa Jumageldiýewa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Maýsa Saparowa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Gülnabat Annaýewa we Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Jennet Ballyýewa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.