Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ»

Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşi maýor Meýlis Babaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Merdana» myhmanhanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygyny geçirdi. Onda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Kyýas Garaýew, kapitan Mergen Serginow, TKA-nyň şäher birleşmesiniň başlygy Aşyrmämmet Bezirgenow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsiniň türkmen halkynyň egsilmez ruhy baýlygynyň çeşmesidigini we ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde iň gymmatly hazynadygyny nygtadylar. Dabaranyň dowamy medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, küştdepdi tansy bilen utgaşyp gitdi.

 

Bagtygül MÄMMETNUROWA,

TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.