Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BELENTDE ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri, olaryň dünýä derejesinde döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalar amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine çagalaryň dynç almagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin durmuşa geçirilýän işler hem aýdyň mysaldyr.

Şadyýan we erkana ýaňlanýan çaga sesleri bagtyýarlykdan nyşan. Şeýle ajaýyp Watanyň goýnunda kemala gelýän ýaş nesil sözüň doly manysynda bagtly çagalardyr. Eziz Diýarymyzda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Gökderäniň goýny bagtyýar nesilleriň şatlykly sesleriniň mydamalyk ýaňlanýan ýerleriniň birine öwrüldi.

Şu günlerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Geçirilýän dürli sport ýaryşlary çagalaryň göwünlerini galkyndyrýar. Golaýda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda, dynç almaga gelen çagalaryň arasynda köpugurly sport bäsleşigi geçirildi. «Bagtyýar döwürde bagtyýar nesil» diýen at bilen geçirilen sport bäsleşiginde çagalar tanap çekmek, futbol ýaly sportuň dürli ugurlary we surat çekmek boýunça özara bäsleşdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde çagalar öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara we bäsleşige gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergisi guraldy. Täsirliligi, özüne çekijiligi bilen tapawutlanan sergide ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri, şaý-sepleri, haýwanat dünýäsine bagyşlanan janly muzeý eksponatlary görkezildi. Bu ýerde dynç alýan şadyýan çagalar sergini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Dynç alyş meýdançalarynda çagalaryň wagtlaryny şadyýan we ruhubelent geçirmekleri, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Dürli sport ýaryşlarynyň, medeni çäreleriň, gezelençleriň guralyp durulmagy çagalaryň dynç alyş möwsümini has-da gyzykly edýär. Gahryman Arkadagly Watanymyzda çagajyklaryň şadyýan sesleri erkana ýaňlanyp dursun!

 

Jeren ATAÝEWA,

«Watan».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.