Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Salkyn saýalaryň höziri bar

Okuwlaryny üstünlikli tamamlan mekdep okuwçylarynyň salkyn saýalarda dynç almak baradaky asylly arzuwlarynyň amala aşmagy çagalary-da, olaryň ata-enelerini-de guwandyrýar. Şu günler gözel Gökdere jülgesinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň her birinde aýdym-sazyň owazy bilen çagalaryň şadyýan sesleri goşulyşyp, uzaklara ýaýrap gidýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şatlyk mekanynyň biridir.

Merkeziň uly terbiýeçi mugallymy Maral Allagurbanowa dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda çagalar bilen geçiriljek medeni-köpçülik we sport çäreleriniň meýilnama esasynda alnyp barylýandygyny aýtdy. Dynç alyş möwsüminiň başlanaly bäri köp wagt geçmedik bolsa-da, işine yhlasly terbiýeçileriň tagallasy netijesinde çagalar bilen birnäçe çäreler durmuşa geçirilipdir. Maral mugallymyň söhbedi hem şol barada boldy.

Çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde, olaryň saglygyny berkitmekde toparlaryň ýolbaşçylarynyň dynç alýan mekdep okuwçylary bilen geçirýän işleriniň uly ähmiýeti bar. Göreldeli zähmet çekýänlerden 1-nji toparyň terbiýeçisi Zylyha Gurbanowanyň, 3-nji toparyň terbiýeçisi Gülsenem Akmämmedowanyň, 5-nji toparyň terbiýeçisi Öwez Ataýewiň we beýlekileriň alyp barýan işleri bellenip geçilmäge mynasypdyr.

Biz bu ýerde dynç alýan çagalaryň her gününiň hezillik bilen geçmegi barada köp tagalla edilýändigine göz ýetirdik. Toparlaryň hemmesinde hem dynç alýanlaryň gyzyklanýan ugurlary boýunça meşgullanmaklary üçin oňat mümkinçilikler döredilipdir. Şu meselede merkeziň gurnak ýolbaşçylarynyň çagalar bilen alyp barýan işleri bellärliklidir. Maral Allagurbanowa gurnaklaryň işleýşiniň göwnejaýdygyny guwanç bilen belledi. Gurnak ýolbaşçylarynyň has tapawutlanyp zähmet çekýänleri barada söz açylanda, ol kompýuter gurnagyny alyp barýan Muhammetmyrat Muhammetberdiýewiň, tans gurnagyny alyp barýan Serdar Garlyýewiň, bedenterbiýe we sport gurnagyny alyp barýan Şamyrat Gurbanowyň hem-de çeper eller gurnagyny alyp barýan Gurbangözel Almazowanyň has-da yhlas bilen işleýändiklerini aýtdy.

— Merkezimizde guralýan çäreler dynç alýan çagalaryň salkyn saýalarda wagtlaryny şatlykly geçirmeklerine hem-de olaryň başarnyklarynyň ösmegine oňaýly täsir edýär. Bu bolsa olaryň merkezara çärelerde oňat çykyş etmeklerine mümkinçilik berýär. Ýakynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş merkezinde “Çagalaryň arzuwy” atly surat çekmek boýunça merkezara bäsleşik geçirildi. Şonda surat gurnagymyzyň agzalary Leýli Meretdurdyýewa, Nowruz Ataýew, Hojamuhammet Mämiýew hem-de Nowruz Berdiýew şol ýaryşa gatnaşyp, komandalyk ikinji orna mynasyp boldular.

“Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde daşky gurşawy goramak işlerine bagyşlanan “Owadandyr Watanym” atly merkezara çäre hem guraldy. Oňa biziň merkezimizden Bazarbaý Çaryýew we Ýunus Serdarow dagy gatnaşyp, tebigy serişdelerden tebigatymyzyň ajaýyp keşbini döretmegi başardy. Olar baýrakly orny eýelediler — diýip, Maral Allagurbanowa buýsanç bilen gürrüň berdi.

Dynç alýan çagalar bilen Gökderäniň gözel ýerlerine guralýan gezelençler hem olaryň göwnüni göterýär. Mahlasy, bu ýerde dynç alýanlar şatlykly günleriň şaýady bolýarlar. Çagalar aýdym aýdyp, mähriban Watanymyzy, özlerine bagtyýar durmuşy beren Gahryman Arkadagymyzy taryplaýarlar.

 

Hojaberdi HOJADOW,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.