Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEREKEDIŇ BAŞY — BUGDAÝ

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryň welaýat birleşmesi tarapyndan her ýylyň galla oragy möwsüminde «Berekediň başy — bugdaý» atly sergi-bäsleşigi geçirmek asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda bugdaý desselerinden şekil ýasamak boýunça yglan edilen sergi-bäsleşigiň etrap we Tejen şäher tapgyrlary üstünlikli geçirilip, olarda ýeňiji bolanlar welaýat tapgyryna gatnaşdy.

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde bugdaýdan dürli şekilleri ýasamak boýunça sergi-bäsleşigiň welaýat tapgyry boldy. Sergi-bäsleşige gatnaşan zähmet toparlary we zähmetkeşler bugdaý desselerinden ýasan şekillerini hödürlediler. Şol gün muzeýe gelen myhmanlar sergi-bäsleşige hödürlenen bugdaý şekillerini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Sergi-bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar bugdaý desselerinden taýýarlan işlerini milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp, olaryň göwrümine, ölçegine we owadanlygyna aýratyn ähmiýet beripdirler.

Sergi-bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlan şekilleri barada täsirli gürrüň bermekleri täsin we owadan şekillere bolan gyzyklanmany artdyrdy. Emin agzalary tarapyndan bugdaý desselerinden ýasalan şekilleriň iň gowulary saýlandy hem-de ýeňijiler kesgitlendi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hormat hatlary we ýörite sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.