Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Jöw­za­ly gü­nüň joş­gu­ny

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim, Içeri işler ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça merkezara bäsleşik geçirildi.

Oňa mer­kez­ler­den ýaş ýan­gyn söndü­ri­ji to­par­lar gat­naş­dy­lar. Ça­ga­lar­da te­bi­ga­ta söý­gi dö­ret­me­gi, ýan­gyn howpsuz­lyk düz­gün­le­ri­ni öw­ren­mek­le­ri­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne yg­rar­ly bolmak­la­ry­ny na­zar­da tu­tup ge­çi­ri­len bäsle­şik çe­ke­le­şik­li ýagdaý­da do­wam et­di.

To­ma­şa­çy­la­ryň şow­hu­ny, el çar­pyş­mala­ry as­tyn­da ge­çen bäs­le­şik­de ök­de­ler öňe saý­lan­dy­lar. Je­mi 14 to­pa­ryň arasyn­dan ýe­ňi­ji­ler yg­lan edil­di. To­par­lar bäs­le­şi­giň bäş şer­ti bo­ýun­ça güýç syna­nyş­dy­lar. Umu­my ne­ti­je­ler bo­ýun­ça ýer eýe­le­ri öň­de­li­gi eýe­läp, ku­bo­ga we dip­lom­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Ikin­ji we üçün­ji orun­la­ry degişlilik­de Mu­hammet­my­rat Ny­ýa­zow adyn­da­ky, şeý­le hem «Çy­nar» merkezleriniň to­par­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Ýe­ňi­ji­le­re we aýra­tyn ta­pa­wut­la­nan ça­ga­la­ra ýa­dy­gärlik sow­gat­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.