Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MASLAHAT GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi Daşoguz şäher häkimligi bilen bilelikde häkimligiň mejlisler zalynda maslahat geçirdi. Oňa KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, hukuk gözegçileri, işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahat hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek hem-de TKA-nyň Milli merkeziniň Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde ýaňy-ýakynda geçiren «Zähmetiň geljegi we Halkara Zähmet Guramasy» atly maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere bagyşlandy. Maslahaty Daşoguz şäher häkiminiň orunbasary Gülläle Hudaýbergenowa açdy we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýurdumyzyň alyp barýan işleri dogrusynda belläp geçdi.

Soňra TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça  utgaşdyryjylary Mämmetdurdy  Muhammedow, Jumagül Hojaýewa, hukuk gözegçisi Begenç Rejepow dagy çykyşlary  dowam etdirdiler. Çykyşlarda  döwletimiziň daşary syýasat  strategiýasynyň ugurlaryny  düzýän köpugurly hyzmatdaşlyklaryň ýurdumyzda oňyn  bitaraplyk ýörelgeleriniň ygrarlylyk esasynda durmuşa  geçirilýändiginiň aýdyň beýanydygy bellenildi. Gahryman  Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň  berýän netijelerini halk köpçüligine, dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmakda jemgyýetçilik guramalarynyň  öňünde durýan wezipeleri  anyk kesgitläp bermeginiň  bu günki gün uly çelgi bolup durýandygy nygtaldy.  Şonuň ýaly-da, zähmet  kanunçylygy, olara girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar dogrusynda giňişleýin  agzalyp geçildi. Zähmet we  iş bilen üpjünçilik meseleleri  babatda sowal-jogap alyşmalar guraldy.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň baky bagtyýarlygyň ýoly bilen öňe gitmegine irginsiz itergi berýän hormatly Prezidentimiziň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.