Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, baý medeniýetimiziň, milli mirasymyzyň ösmegine we dünýä ýaýylmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň amatly şertlerde zähmet çekmegi üçin maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, «Medeni mirasymyzyň rowaçlyklary» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, meşhur medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp kitaplarynda halkymyzyň milli medeniýeti, mirasy barada baý maglumatlaryň beýan edilendigini, bu gymmatly eserleriň ýaş nesilleriň gözýetiminiň giňemegine oňyn täsir edýändigini bellediler. Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajaýyp zamanasyny berkarar edendigini buýsançly beýan etdiler.

Aýdym-sazly çykyşlar baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Ýaňlanan aýdym-sazlarda mähriban Watanymyz, agzybir ilimiz, türkmen halkyny ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyz wasp edildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryna, döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabara gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.