Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYNLYGYŇ GADYRYNYŇ BILINÝÄN ÝURDY

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, onuň dünýäniň iň ýokary hil derejelerine ýetirilendigi halkara jemgyýetçiliginiň hem uly ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr. Paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlup, ulanylmaga berlen saglyk maksatly desgalar: hassahanalar, şypahanalar, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we «Tiz kömek» merkezleri, saglyk öýleri, sagaldyş we dynç alyş merkezleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletinde iň gymmatly baýlygyň adamdygynyň, raýatlaryň saglygyny goramaklygyň döwlet syýasatynda esasy öňe sürülýän ugurdygynyň aýdyň kepilidir. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalary gurmak işlerini dowam etmek maksady bilen, Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahanany hem-de 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasyny gurmak baradaky Karara gol çekmegi-de ynsan saglygy bilen bagly asylly işleriň dowamat-dowamdygynyň kepili boldy.

Ajaýyp zamanamyzda Türkmenistan saglygy goraýyş babatynda halkara maslahatlarynyň hem yzygiderli geçirilýän ýurdy hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda gözel paýtagtymyzda dünýäniň ençeme ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň gatnaşmaklarynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça halkara maslahaty geçirilip, onda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edilipdi. Şu ýylyň 9—10-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň netijesinde ýurdumyzyň ýokanç däl kesellere garşy göreşde dünýäde öňdäki orunlara çykýandygynyň daşary ýurtly bilermenler tarapyndan aýratyn nygtalmagy, elbetde, Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, rowaçlygyň mekanydygynyň ýene-de bir özboluşly ykrarnamasy boldy. Goý, «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýip nygtaýan hem-de bu ugurda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent tutumlary rowaç bolsun!

 

Myratgeldi Döwle­tow,

Balkan welaýat iç keseller hassahanasynyň lukmany, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.