Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI MIRASYMYZA BEÝIK SARPA BAR

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasyma beýik sarpa bar, rowaçlyk getirdi bize Arkadag» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerindäki muzeýleriň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Taryhy gymmatlyklarymyzy, taryhy tapyndylary ylmy taýdan öwrenmegi, muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamagy, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmegi, özara tejribe alyşmagy we gazanylan üstünlikleri halk köpçüligine ýetirmegi, ýaş nesillerimizde medeni mirasymyza, muzeý gymmatlyklarymyza söýgi-buýsanjy artdyrmagy maksat edinen bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Bäsdeşler maldarçylyk we ekerançylyk bilen bagly adalgalary hem-de ýörelgeleri wideoýazgylarda gürrüňdeşlik arkaly beýan etdiler. Olar öz çykyşlarynda muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylyna bagyşlanan wagtlaýyn serginiň meýilnamasyny taýýarladylar. Özleriniň ýaşaýan etrap-şäherleriniň golaýynda ýerleşýän medeni ýadygärliklere guran gezelençleriniň, sergileriniň resminamalaryny görkezdiler. Bäsleşige hödürlän işleriniň aýratynlyklary barada giňişleýin düşünje berdiler. Amaly-haşam sungatynyň, milli gymmatlyklarymyzyň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Bäsleşigiň jemi jemlenende, Serdar şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Maksat Işantaýew birinji orny eýeläp, «Işine ussat muzeý işgäri» diýen ada mynasyp boldy. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Gülşirin Oraztaganowa «Döwrebap muzeý işgäri» diýen ada mynasyp görüldi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

 

Nursoltan Dep­biýewa,

«Balkan».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.