Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEÝIK SUNGATYŇ WE DÖREDIJILIGIŇ WASPY

Iýu­nyň üçün­ji on­gün­lü­gi türk­men Di­ýa­ry­na Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni, bu hep­de­li­giň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Pyragynyň şyg­ry­ýet gü­nü­ni alyp gel­ýär. Me­de­ni­ýet hem, sun­gat hem, akyl­dar şahyryň öçmez-ýit­mez eser­le­ri hem asyr­la­ryň dowa­myn­da hal­ky­my­zyň ru­hy mi­ra­sy­na öw­rü­lip gel­di. Şonuň üçin bu baý­ram­çy­lyk ýa­kyn­laş­dy­gy­sa­ýy kal­by­ňy söz bilen dü­şün­di­rip bol­ma­jak ýa­kym­ly duý­gu­lar gur­şap al­ýar.

Öň­de du­ran şan­ly se­ne­ler bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da öz şug­lasy­ny eý­ýäm­den ça­ýyp başlady. Ýa­kyn­da we­la­ýat Ta­ry­hy we ülkä­ni öw­re­niş mu­ze­ýin­de açylan wagt­la­ýyn ser­gi hem go­şa baý­ra­ma ba­gyş­lan­dy. «Me­de­niýet ― ru­hu­be­lent­li­giň çeş­me­si» diý­lip atlan­dy­ry­lan ser­gi eý­ýäm açy­lyş da­ba­ra­syn­dan baş­lap, Türk­me­na­ba­dyň ýaşaýjylarynyň we myh­man­la­ry­nyň köp­san­ly­synyň ün­sü­ni özü­ne çek­di.

Wagt­la­ýyn ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden mu­zeýiň, Kär­deş­ler arkalaşyklary­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň, Le­ba­byň ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň, welaýa­ty­my­zyň Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky döw­let saz­ly-dra­ma te­at­ry­nyň, we­la­ýat ça­ga­lar ki­tapha­na­sy­nyň we­kil­le­ri bu ser­gi­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da nyg­tap, onuň uly gyzyk­lan­ma eýe bol­jak­dygy­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler. Çün­ki ser­gi di­ňe bir we­la­ýat muze­ýi­niň gaz­na­syn­da­ky gym­mat­lyk­lardan yba­rat däl. Onuň tä­sir­li bolma­gy üçin du­tar us­sa­la­ry hem, zer­gär­ler hem, we­la­ýa­ty­my­zyň gör­nük­li su­rat­keş­le­ri­dir ola­ryň şä­girt­le­ri hem, ser­ker­de şa­hy­ryň ady­ny buý­sanç bi­len gö­ter­ýän teatr hem go­şan­dy­ny go­şupdyr. Mah­la­sy, 200-den gow­rak gym­mat­ly­gy öz içi­ne al­ýan sergi­de türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň Jeý­hun ýa­ka­synda­ky aý­ra­tyn­lyk­la­ry jem­le­nip­dir. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne de­giş­li gym­mat­lyk­lar bol­sa bu ser­gi­niň tä­sir­li­li­gi­ni has-da art­dyr­ýar.

«Ser­gi­ler — ta­ry­hy, şu güni we gel­je­gi bir­leş­dir­ýän köp­ri» diý­ýär­ler. Bu söz şu gezek hem be­ýa­ny­ny tap­dy. Eger Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi hem-de Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Magtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li beý­le­ki daba­ra­lar­da di­ňe hä­zir­ki gü­nüň ru­hy ah­wa­laty­na bes­len­sek, ser­gi­ler­de dür­li döwürleriň gym­mat­lyk­la­ry­na gabat gel­ýä­ris. Ine, hut şo­nuň üçin hem we­la­ýat Taryhy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi ta­ra­pyn­dan geçi­ril­ýän wagt­la­ýyn ser­gi­ler hemi­şe uly gyzyklan­ma eýe.

― Akyl­dar şa­hy­ry­myz Magtym­gu­ly Py­ra­gy ― me­niň yl­ham çeş­mäm. Dö­re­den eser­le­ri­miň ara­syn­da şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­den tä­sir­len­me­ler kän. Çün­ki Magtymguly Py­ra­gy di­ňe bir şa­hyr däl-de, su­rat­keş­le­re yl­ham bo­lup bil­jek de­re­je­de te­bi­ga­tyň aja­ýyp waspçy­sy. Onuň her şyg­ry­ny oka­nyňda, hy­ýa­lyň­da kä­mil çeperçilik ese­ri janlan­ýar. On­soň ony di­ňe dur­mu­şa ge­çi­räý­mek gal­ýar ― di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň sun­gat­da at ga­za­nan iş­gä­ri, su­rat­keş My­rat Bal­ta­ýew ser­gä ge­ti­ren iş­le­ri bara­da gür­rüň be­re­nin­de aýt­dy.

Şu ser­gi­niň işi­ne Türk­me­nis­tanyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň hem iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­mak gerek. Bu iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­masy­nyň wekil­le­ri ser­gi­niň açy­lyş daba­ra­syn­da oňa öz iş­le­ri­ni ge­ti­ren ýaş su­rat­keş­le­ri gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar we Hor­mat hat­la­ry bilen sy­lag­la­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler arkalaşy­gynyň il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry­nyň Türk­mena­bat şä­her ge­ňe­şi­niň ýol­baş­çy­sy Bahti­ýar Nar­ma­me­do­wyň aýt­magy­na gö­rä, bu ýer­de ser­gi­niň dowam ed­ýän günlerin­de hem kä­bir me­de­ni çä­re­ler ge­çi­ri­ler.

Ser­gi 28-nji iýu­na çen­li dowam eder.

 

Ma­ral AK­MY­RA­DOWA,

ýö­ri­te ha­bar­çy­myz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.