Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Awazadaky «Daýanç» dynç alyş-sagaldyş merkezinde günüň derwaýys meselelerine, öňde durýan wezipelere bagyşlanan okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirýär. Golaýda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat hem-de agrosenagat toplumlarynyň işgärleriniň KA-nyň geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Gurmak, döretmek ýoly bilen rowaçlyklara tarap» atly şygar astynda geçirilen okuw maslahaty hem agzalan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmeleriniň pudaklar boýunça ugtaşdyryjylary, pudaklaýyn geňeşleriň, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işewürleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän çykyşlar diňlendi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň birbada üç düzümine saýlanmagynyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ugurlaryny düzýän başlangyçlaryň dünýäniň ünsüni özünde jemleýändigi buýsanç bilen aýdyldy. Bu üstünlikleri halkyň arasynda wagyz etmek, olaryň döwlet durmuşyna gatnaşygyny has-da işjeňleşdirmek wezipeleriniň KA-nyň işjeň agzalarynyň esasy borjy bolup durýandygy nygtaldy. Okuw maslahatynyň dowamynda TKA-nyň Milli merkeziniň çykaran kararlary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi boýunça hukukçylaryň, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk gözegçileriniň düşündirişleri hem-de sowal-jogap alyşmalar guraldy.

Ýurdumyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Awazanyň dürli ýerlerine guralan gezelençler, welaýatlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan ýaryşlar, welosipedli ýörişler, gyzykly dynç alyşlar sapaly pursatlaryň üstüni ýetirdi. Oňa gatnaşanlar şeýle ähli gowulyklaryň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Gülruh HALJANOWA,

Türkmenistanyň agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.