Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MASLAHATLAR YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANDY

Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň we Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň bilelikde guramagynda Ylymlar gününe bagyşlanyp, Ylym-bilim ulgamynda innowasion tehnologiýa» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda institutyň işgärleridir ýaş hünärmenleriniň, inženerleriniň ylmy barlaglarynyň netijelerini önümçilige ornaşdyrmakda gazanylýan üstünlikler barada çykyşlar edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebit-gaz pudagynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagynda energetika we inženerçilik ylymlarynyň orny, geologiýa pudagynyň üstünlikleri, gaz we gazkondensat känleriniň işlenip geýilişi, pudagyň kärhanalarynda önümçilige ornaşdyrylýan kompýuter tehnologiýalary we «Galkynyş» gaz känini ylmy babatda işläp geçmekde alnyp barylýan işler çykyşlaryň özenini düzdi.

Maslahatyň ahyrynda öz alyp barvan ylmy gözlegleri barada çykyş eden alymlara we ýaş hünärmenlere Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ençeme ýyl bäri ak ýürekli zähmet çekip gelýän işgärleriň birnäçesine Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

***

 

Şeýle mazmundaky maslahat Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem geçirildi.

 

Myrat BAÝRAMGYLYJOW,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.