Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AÝDYŇ MAKSATLARY NAZARLAP

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 31-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi boldy. Oňa 10 döwletiň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin çykyş etdi. Milli Liderimiz: «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, özboluşly, köp babatda ýeke-täk birleşik bolmak bilen, häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işlerini amala aşyrýar, bu ýagdaýlar ählumumy ösüş meýilleri bilen şertlendirilendir» diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, biziň ýurtlarymyz geografik taýdan birleşendir, umumy taryhy tejribä eýedir, şolary köpugurly ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär we biz üýtgäp durýan häzirki zaman şertlerinde öz mynasyp ornumyzy eýelemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ulgamlarda yzygiderli gatnaşyk etmegiň, bilelikdäki möhüm taslamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.

Gürrüň, ilkinji nobatda, Günbatar — Gündogar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça netijeli ulag geçelgelerini döretmek barada barýar. GDA ýurtlarynyň şeýle taslamalara gatnaşýandygy barada eýýäm oňat mysallar bar. Her ýylda 10 — 12 million tonna ýük daşamaga ukyply Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy arkalaşygyň ähli döwletleri üçin günorta ugurda — Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar ugry boýunça ulag düzümine goşulmaga mümkinçilik döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Owganystan bilen bilelikde täze üstaşyr geçelgäni döredýändigini habar berdi. Ol gysga ýol bilen Eýranyň, Omanyň we Hindistanyň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berer. Döwletimiz Azerbaýjan bilen bilelikde Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňizleriniň sebitlerini netijeli birleşdirmegiň ugrunda işjeň işleýär.

Milli Liderimiziň bellemegine görä, GDA ýurtlarynyň ykdysady gatnaşyklary babatda Hazar deňzi aýratyn orun eýelemelidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty uly mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler.

Arkadag Prezidentimiz mejlisde şeýle hem Arkalaşygyň döwletleriniň energetika ulgamynda köptaraply taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, GDA bilen gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana energiýa serişdelerini uzakmöhletleýin ibermek barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň giň gerimde durmuşa geçirilýändigini hem-de GDA ýurtlarynyň ugurdaş düzümleri gurmaga gatnaşmaga, taslamany amala aşyrmak üçin zerur enjamlary we tehnikalary ibermäge mümkinçiliginiň bardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Arkalaşygyň kuwwatynyň häzir aragatnaşyk we kommunikasiýa ýaly geljegi uly ulgamda doly açylmandygyna ynam bildirdi. «Diňe bu ulgamda döwrebap, ygtybarly düzümleriň bolmagy biziň döwletimize dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly bahaly goşulyşmagyna, geljekde bolsa yklymda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň öňdäki orunlaryna çykmaga mümkinçilik berer» diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Arkadag Prezidentimiz mejlisde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine hem degip geçdi.

GDA-nyň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde ähli wekiliýetleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Munuň özi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady gatnaşyklaryň wajyp meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly düýpli resminamanyň taýýarlanandygyny hem-de onuň 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşinde gol çekiljekdigine ynam bildirdi.

Sammitde şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň innowasion hyzmatdaşlygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Döwletara maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hakynda çözgüt kabul edildi.

Mejlisiň jemleri boýunça Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistana we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa diňe bir şu günki mejlisi geçirmekde däl-de, umuman, Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary guramakda berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Türkmenistan integrasiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyp, bu ugurda oňyn başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.